Gün şöhlesi deňziň 200-300 metr çuňlugyna çenli ýagtyldýar. Soňra kem-kemden şöhle azalyp ugraýar. Deňziň düýbüne gitdigiňçe diňe yşyk azalmak bilen çäklenmän, basyş güýji hem ýokarlanýar. Ýagny islendik jisimiň suwuň düýbüne çümmegi üçin örän agyr bolmagy gerek. Bolmasa deňziň basyşy ony ýokarlygyna, suwuň akymy bolsa kenara itip çykarýar. Deňiz suwunyň düzüminde duzuň mukdarynyň köp bolandygy üçin dykyz bolup, oňa çümmek aňsat däl. Bulara garamazdan, ummanlaryň has çuň ýerlerinde hem janly-jandarlaryň köp görnüşi, şol sanda balyklar ýaşaýar.
Deňziň düýbünde tüm garaňkyda ýaşaýan jandarlaryň her biriniň aýratyn görüş ukyby bar. Bu jandarlaryň käbiriniň bedeni tutuşlygyna ýa-da belli bir bölegi ýagtylyk saçýar. Şeýlelikde, awuny özüne çekip, aňsatlyk bilen tutýar. Käbirleri bolsa, suwda basyşyň üýtgändigini duýýar we golaýyna nähili ululykdaky jandaryň gelendigini aňýar. Deňiz jandarlarynyň köpüsi ses we ys almak arkaly beýleki jandarlaryň bardygyny aňýar. Ses suwda açyk howadakydan has çalt ýaýraýar. Bu bolsa, balyklara aňsatlyk bilen aw etmäge mümkinçilik berýär. Deňiz jandarlarynyň köp görnüşiniň bedeni aýna ýaly bolup, özüne gelýän örän az mukdardaky yşygy yzyna serpikdirmek arkaly garaňkyda görüş ukybyny artdyrýar. Deňziň çuň ýerinde ýaşaýan balyklaryň görmeýäni hem bar, örän az görýäni hem bar. Ummanyň dürli çuňluklarynda dürlüçe ýaşaýyş bar.