Köp mil­liard­lyk yla­la­şyk­la­r

Bu sa­par Fran­si­ýa bi­len Hy­ta­ýyň söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze de­re­jä çy­kar­dy. Onuň çäk­le­rin­de iki ýur­duň ara­syn­da gol çe­kilen yla­la­şyk­la­ryň möç­be­ri 10 mil­liard ýew­ro go­laý­la­ýar.
Fran­si­ýa Hy­taý­dan 45 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de ha­ryt sa­tyn al­ýar. Öz ge­ze­gin­de, Hy­ta­ýa 15 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de ha­ryt sat­ýar. Söw­da ug­run­da­ky gat­na­şyk­la­ry has-da iş­jeň­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýä­ris – di­ýip, Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti hy­taý­ly işe­wür­ler bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da bel­läp geç­di.

Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ber­ki­den sow­gat
Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pi­ne ka­wa­le­ri­ýa aty­ny sow­gat ber­di. Mak­ron öz ýa­ny bi­len hy­taý­ly kär­de­şi üçin Pre­zi­den­tiň at­ly go­şun pol­kun­dan We­zu­wiý at­ly 8 ýaş­ly be­de­wi sow­gat hök­mün­de ge­tir­di.
HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin 2014-nji ýyl­da Fran­si­ýa ama­la aşy­ran sa­pa­ry wag­tyn­da onuň ulag ker­we­ni­ni 104 fran­suz at­ly es­ger­le­ri ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň köş­gü­ne çen­li ug­ra­dyp­dy. Si Szin­pin şon­da at­ly go­şu­nyň be­dew­le­ri­ne haý­ran ga­lan­dy­gy­ny mä­lim edip­di.

3 gün­lük döw­let sa­pa­ry Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň bu ýur­da il­kin­ji sa­pa­ry bol­dy hem-de döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň stra­te­gik de­re­jä çy­karyl­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­dy. Mun­dan baş­ga-da bu sa­par Azi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy taý­dan güýç­li döw­le­ti bi­len Ýew­ro­pa­nyň ikin­ji uly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne eýe Fran­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy hem-de yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry has-da iş­jeň­leş­dir­di. Se­bä­bi Em­ma­nu­el Mak­ro­nyň bu sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de we­kil­çi­lik­li to­pa­ryň dü­zü­min­de Fran­si­ýa­nyň iri 50 kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy bar­dy. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti bu sa­pa­ry Hy­ta­ýyň ta­ry­hy şä­he­rin­den baş­la­dy. Ol il­ki bi­len, Hy­ta­ýyň ozal­ky paý­tag­ty Si­an şä­he­ri­ne bar­dy. Bu ýer­den uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da gün­ba­ta­ra ta­rap dür­li ha­ryt­lar­dan do­ly ker­wen­ler ýo­la çy­kyp­dyr. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Hy­ta­ýyň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny tä­ze­den di­kelt­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­ny gol­da­dy. Em­ma­nu­el Mak­ron Si­an şä­he­rin­de Hy­ta­ýyň il­kin­ji im­pe­ra­to­ry Sin Şi­hu­an­di­niň küm­me­ti­ne bar­dy. Ol ýer­de im­pe­ra­tor bi­len bi­le­lik­de jaý­la­nan go­şun es­ger­le­ri­niň heý­kel­le­ri görenleri haý­ran gal­dyr­ýar.
Soň­ra Em­ma­nu­el Mak­ron Pe­kin şä­he­ri­ne bar­dy. Ol ýer­de HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin bi­len gep­le­şik­ler ge­çir­di. Iş­jeň ýag­daý­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin tä­ze ýyl­da Pre­zi­dent Mak­ro­nyň özü­niň il­kin­ji Azi­ýa sa­pa­ryn­da Hy­ta­ýa ge­len­di­gi­ni we mu­nuň onuň iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ra goý­ýan hor­ma­ty­nyň ny­şa­ny­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem ol Mak­ro­nyň Hy­ta­ýa 2018-nji ýyl­da sa­pa­ra ge­len il­kin­ji da­şa­ry ýurt li­de­ri bo­lan­dy­gy­ny aýtdy. Si Szin­pin Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti­niň Hy­taý­da ge­çen ýyl ge­çi­ri­len Kom­mu­nis­tik par­ti­ýa­sy­nyň 19-njy mej­li­sin­den soň­ra öz ýur­du­na ge­len Ýew­ro­pa­nyň il­kin­ji baş­tu­ta­ny­dy­gy­ny uly ho­şal­lyk bi­len bel­läp geç­di.
Em­ma­nu­el Mak­ron Hy­ta­ýa il­kin­ji döw­let sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­ýan­dy­gy üçin ho­şal­dy­gy­ny bel­läp, Fran­si­ýa bi­len Hy­ta­ýy köp­ýyl­lyk dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň bir­leş­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ol özü­niň kär­de­şi Si Szin­pin bi­len iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek ýa­ly köp san­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir al­şy­lan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mak­ron Hy­ta­ýyň hö­kü­me­ti­niň ba­şy­ny baş­lan “Zo­lak­lar we ýol­lar” baş­lan­gy­jy­ny gol­da­ýan­dyk­la­ry­ny we fran­suz ta­ra­py­nyň mu­ňa iş­jeň gat­naş­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di.