Gyş pas­ly­nyň do­wam ed­ýän döw­rün­de dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da­ky ho­wa­nyň ýag­da­ýy köp­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Eý­sem, bu­lar te­bi­ga­tyň tä­sin­li­gi bol­sa ge­rek?! Bir ta­rap­da ga­ra gyş, beý­le­ki ta­rap­da bol­sa, to­mus gün­le­ri­ni ýat­lad­ýan ys­sy hem-de ma­ýyl ho­wa hö­küm sür­ýär. Ame­ri­ka yk­ly­myn­da ho­wa­nyň de­re­je­si -30 gra­du­sa go­laý­la­dy. Bu se­bi­tiň uly şag­la­wu­gy Nia­ga­ra doň­dy. Köp san­ly der­ýa­lar we de­ňiz­ler do­ňup, sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özün­de jem­le­di. Hä­zir­ki wagt­da ABŞ-da gör­lüp-eş­idil­me­dik ýag­daý­da do­ňak­lyk bo­lup, köp muk­dar­da gar ýag­ýar. De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na şta­tyn­da­ky mil­li se­ýil­gäh­dä­ki how­dan­da­ky al­li­ga­tor­lar (kro­ko­di­liň bir gör­nü­şi) do­ňup gal­dy. Mun­dan baş­ga-da, köp ýer­de şeý­le do­ňak­çy­lyk wa­ka­la­ry­na duş ge­lin­di.
ABŞ-da şeý­le wa­ka­la­ryň bol­ýan döw­rün­de Awst­ra­li­ýa­da soň­ky ýyl­la­ryň iň ys­sy gün­le­ri­ne duş ge­lin­ýär. Ýer­li met­bu­gat se­riş­de­le­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, Awst­ra­li­ýa­nyň kä­bir ştat­la­ryn­da ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy 44,2 de­re­jä ýet­di. Sid­neý şä­he­rin­de bol­sa, ho­wa­nyň gyz­gyn­ly­gy 47 de­re­jä galdy. Şeý­le ýag­daý mun­dan ozal, 1939-njy ýyl­da bolupdy. Adam­lar şeý­le gyz­gyn­ly­ga çy­da­man, de­ňiz ke­nar­la­ry­na gi­dip, şol ýer­ler­de su­wa düş­ýär­ler.
Mun­dan baş­ga-da, Ita­li­ýa­nyň Rim hem-de Pa­ler­mo şä­her­le­rin­de soň­ky 40 ýy­lyň ma­ýyl ho­wa­sy bo­lup geç­ýär. Rim­de ter­mo­met­riň de­re­je­si 19,6, Pa­ler­mo­da bol­sa, 24,1 de­re­jä deň bol­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň kä­bir et­rap­la­ryn­da gar ýa­gan wag­ty Ita­li­ýa­nyň bu şä­her­le­rin­de ho­wa ma­ýyl bol­ýar. Bu örän tä­sin wa­ka­dyr.