“Hollywood”-yň meşhur popkorn franşiz kinolaryndan “Ýura eýýamynyň dünýäsi” (Jurassic World) filmleriniň täze bölüminiň ekranlaşdyryljakdygy resmi ýagdaýda mälim edildi. “Ýura eýýamynyň dünýäsi: täzeden dogluş” (Jurassic World Rebirth) diýlip atlandyrylýan bu filmde baş keşplerde Skarlett Ýohansson, oskarly aktýor Maherşala Ali, Jonatan Beýli hem-de Rupert Frend dagy surata düşerler. “Universal Pictures” hem-de “Amblin Entertainment” studiýalarynyň bilelikdäki önümi boljak filme Garet Edwards režissýorlyk eder. Filmiň ssenarisini asyl filmiň ssenariçisi Dewid Koepp ýazar. Filmde 2022-nji ýylda ekranlara çykan “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Dominion” filmden 5 ýyl soňky wakalar barada gürrüň berler. Umumylykda seriýanyň 7-nji kinosy boljak täze film 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda kinoteatrlarda görkezilip başlanar.