Hytaý şu ýylyň birinji ýarymynda çip öndürýän enjamlara rekord derejede 25 milliard amerikan dollary maýa goýup, beýleki ýurtlardan öňe geçdi. «Tom’s Hardware»-iň maglumatlaryna görä, agzalýan döwürde hytaý kompaniýalarynyň ýarymgeçirijiler pudagyna goýan umumy maýa goýumy Koreýa Respublikasyndan, Taýwandan we ABŞ-dan köp boldy.
Bu maýa goýumlar söwda çäklendirmeleriniň netijesinde Hytaýyň daşary ýurt üpjün edijilerine garaşlylygy azaltmaga tagalla edýändigi bilen şertlenýär. Hytaýyň ýarymgeçirijileriň önümçiligi üçin enjamlara umumy maýa goýumynyň 2024-nji ýylda 50 milliard amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar.
Hytaý öňdebaryjy enjamlara elýeterlilik bilen bagly kynçylyklara garamazdan, 2024-2025-nji ýyllarda 10-dan gowrak täze fabrigi açmagy meýilleşdirýär. Maýa goýumlarynyň köpelmegi diňe bir SMIC we «Hua Hong» ýaly iri öndürijileri däl, eýsem, kiçi kompaniýalary hem öz içine alýar.
Hünärmenler ýarymgeçirijiler pudagynyň oňyn geljegini goldajak çiplere, esasan hem, ýat we emeli aň üçin çiplere bolan islegiň artmagyna garaşýarlar. Şol bir wagtyň özünde Günorta-Gündogar Aziýa, Amerika we Ýewropa ýaly beýleki ýurtlar hem önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin çykdajylaryny artdyrýarlar.