Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen ýollarda hereket edýän dürli görnüşli awtoulaglaryň sany barha artýar. Bu bolsa ýol gözegçiligini berk berjaý edilmegini talap edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýollar, köprüler, pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bu döwrebap ýollarda hereket edýän ýolagçylaryň, sürüjileriň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen ýygy-ýygydan ýol hereketleriniň düzgünlerini görkezýän ýol belgiler, yşyklar goýulýar. Bu belgiler sürüjilere, pyýada ýolagçylara düzgünleri dogry berjaý etmegini ýatladyp durýar.
Ýurdumyzda her bir raýatyň saglygyny gorap saklamak, ömür dowamlylygyny artdyrmak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirilýär. Indi ençeme ýyldan bäri her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlygyň geçirilmegi hem halkymyzyň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesi bolup durýar. Bu çäräniň täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly bolmagynyň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýollarda pyýadalaryň, şeýle hem awtoulaglaryň gatnawy has artýar. Ýollarda pyýadalaryň, dürli ulag serişdeleriniň sanynyň artmagy ýol hereketiniň gözegçilikde saklanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde möhüm işler alnyp barylýar. Ähli ýerlerde sürüjiler hem-de pyýadalar üçin ýol belgileri ýerleşdirilýär.
“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän bu möhüm çärä polisiýanyň işgärleri bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Bir aýlygyň dowamynda jemgyýetçilik guramalaryň, hukuk goraýjy edaralaryň ýörite düzen meýilnamasy esasynda edara-kärhanalarda, çagalar baglarynda, orta we beýleki bilim ojaklarynda wagyz-nesihat duşuşyklar, açyk sapaklar geçirilýär. Geçirilýän duşuşyklarda pyýada bilen sürüjiniň sazlaşykly hereketiniň berjaý edilmegi dogrusynda çykyşlar diňlenilýär, dürli görkezme esbaplar bilen ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek babatynda düşündiriş işleri geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsyzlygy ömrimiziň rahatlygy atly biraýlygyň ýylyň-ýylyna yzygiderli geçirilmegi oňyn netije berýär. Ýollarymyzyň asudalygy biziň öz elimizde. Ýol hereketiniň kadalaryny diňe bir sürüji däl, eýsem her bir pyýada hem dogry berjaý etmegi zerur bolup durýar.
Halkymyzda kimdir biri uzak ýola gidende “Sag gidip, aman gel, ýoluň ak bolsun! diýen ýagşy arzuw edilýär. Bu ýöne ýere däl. Ýollarymyzyň asuda bolmagy biziň her birimiziň maşgala abadançylygymyzy, parahat durmuşymyzy üpjün eder.
Her bir raýatyň sagdyn durmuşyny, maşgala bagtyýarlygy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak, belent başy aman bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!
Mahmut ÝAZOW, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.