Hytaýyň hökümeti 1978-nji ýyldan bäri ilkinji gezek pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak kararyna geldi. “Xinhua” agentliginiň habaryna görä, täze düzgünler 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girip, 15 ýylyň dowamynda durmuşa geçiriler. Üýtgeşmelere görä, erkekleriň pensiýa ýaşy 60 ýaşdan 63 ýaşa çenli, önümçilikde işleýän zenan maşgalalaryňky 50 ýaşdan 55 ýaşa çenli, wezipeli işlerde işleýän zenanlaryňky bolsa, 55 ýaşdan 58 ýaşa çenli ýokarlanar. Aslynda bu karar ýurtda ömrüň dowamlylygynyň ýokarlanmagy we işe ukyply ilatyň azalmagy bilen baglanyşykly kabul edildi. Pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak pensiýa ulgamyna düşýän agramy azaldar we onuň uzak geljekde has-da durnukly bolmagyny üpjün eder. Hytaýda dünýäde pensiýa ýaşy iň az ýurtlaryň biridir. Täze düzgünden soňra ýurt pensiýa ýaşy babatda goňşy Ýaponiýanyň we Günorta Koreýanyň görkezijilerine ýakynlaşar. Bu iki ýurtda erkekler we zenanlar degişlilikde, 63 we 65 ýaşynda pensiýa çykýarlar. Mundan başga-da pensiýa ýaşy iň ýokary bolan ýurtlaryň sanawynda Awstraliýa, Gresiýa, Daniýa, Italiýa, Niderlandlar we Islandiýa öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtlarda erkekler we zenanlar 67 ýaşynda pensiýa çykýarlar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.