«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ynamly öňe barýan Watanymyzyň ýylýazgysynda täze möhüm sahypadyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy bilen dabaralanýan 2026-njy ýyl durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanýan döwletimiziň häzirki zaman taryhynda nobatdaky tapgyry alamatlandyrýar.
Döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini we ýaşaýşynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi, ähli pudaklarda önümçiligiň ýokary görkezijileri we JIÖ-niň durnukly ösüş depgini onuň netijelidigini tassyklaýar. Halkyň abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn we pudaklaýyn maksatnamalarda hem-de strategiýalarda aýdyň beýanyny tapýar.
Maýa goýum syýasatynyň wezipelerini netijeli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depgini gazanyldy. Muňa esasy makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň soňky ýyllaryň dowamynda 6,3 göterim derejesinde durnukly saklanmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyna yzygiderli eýermek bilen, öz içerki serişdelerine goşmaça hökmünde göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymyny artdyrmaga çalyşýar. Daşary ýurtlaryň işewürlik düzümleriniň gatnaşmagynda eýýäm köp sanly ykdysady taslamalar durmuşa geçirildi we amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, şeýle hem iri milli we halkara infrastruktura taslamalaryny amala aşyrmak babatda özara mümkinçiliklerden has netijeli peýdalanmak üçin ähli şertler bar.
Ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda sebit we dünýä ösüşiniň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan iri forumlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi. Şunda geçen ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny aýratyn bellemek gerek. Onuň maksatnamasy ugurdaş çäreleriň giň toplumyny öz içine aldy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň möhüm wakalarynyň hatarynda ýurdumyzyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini hem-de Hazar deňziniň ekologiýa meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşygy görkezmek bolar. Türkmenistan 2026-njy ýylda bu formatlarda başlyklyk etmek wezipelerini ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýär, dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga daýanýan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermegi özüniň esasy wezipesi hasaplaýar. Bu bolsa umumy abadançylygyň bähbidine hem-de sebitde we halkara durnuklylygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna laýyk gelýär.
Oguljeren PAZZYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF







