Mahal-mahal “Apple” kompaniýasynyň ozal öndüren enjamlary auksion arkaly satuwa çykarylyp, gymmat bahadan satylýar. Onlaýn auksionlary guraýan “Remarkable Rarities” tehnologiýa kompaniýasynyň esaslandyryjysy Stiw Jobsuň goly çekilen birnäçe enjamy satuwa çykardy. Esasan, “Apple” enjamlarynyň kolleksiýaçylaryny gyzyklandyrýan bu auksionda “Apple II” ausiokassetasy we çek bar.
“Apple” 1970-nji ýyllarda maglumat saklamak üçin kassetalary ulanypdyr. Kassetanyň ýüzündäki Jobsuň goly onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Satuwa çykarylan çek bolsa, 1976-njy ýylyň 16-njy iýulynda ýazylypdyr. “Elmar Electronics” şereketi üçin ýazylan çekde 10,52 dollar tölenmelidigi bellenilýär. Jobs şol döwürler ýaş telekeçi bolup, “Apple”-i esaslandyranyna köp wagt geçmän eken. Bu çek 12 müň 650 dollardan satuwa çykaryldy. Onuň bahasynyň 25 müň dollara ýetmegine garaşylýar.
Geçen ýylyň ahyrynda 1976-njy ýylyň 23-nji iýulynda ýazylan “Radio Shack”-a goýberilen 4,01 dollarlyk çek 46 müň dollara satylypdy.