1977-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda «Voyager 1» kosmos gämisi ilkinji gezek Ýer bilen Aýy uzak aralykdan bilelikde surata düşürdi. Ondan öň dürli kosmos enjamlary arkaly Ýer we Aý bir kadrda surata düşürilen hem bolsa olarda bu ikisi dolulygyna görünmeýärdi. «Voyager 1»-iň fotoenjamy bu suraty 11,66 million kilometr uzakdan aldy.