22-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň iň jogapkärli tapgyry – ýokary derejeli hepdeligiň umumy debatlary resmi taýdan başlandy. “Ynamy dikeltmek, özgertmeleri dolandyrmak: hemmeleriň bähbidine işleýän Birleşen Milletler Guramasy” atly şygar astynda geçirilýän bu çärä 193 agza ýurduň ählisi çagyryldy. Sessiýa BMG-niň ygtyýarlyk möhleti tamamlanýan Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýyllyk hasabatyny tanyşdyrmagy we jemleýji çykyş etmegi bilen başlandy. Soňra BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Halilur Rahman debaty resmi taýdan açdy.

29-njy sentýabra çenli dowam etjek bu hepdelikde dünýäniň 130 ýurdunyň döwlet we Hökümet ýolbaşçylary çykyş edip başlady. Oňa jemi 71 döwlet Baştutany, 45 hökümet ýolbaşçysy, 50 ministr, 11 wise-prezident we bir tagt mirasdüşeri gatnaşýar. Däp boýunça çäräniň ilkinji güni Braziliýanyň ýokary derejeli wekili Luis Inasiu Lula da Silwanyň çykyşy bilen başlanyp, ondan soň ýer eýesi bolan ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary söz sözlediler. Şeýle hem gün tertibine laýyklykda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Tani, Iordaniýanyň Patyşasy Abdalla II, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de beýleki ýokary derejeli wekiller halkara howpsuzlyk, geosyýasy we ykdysady ýagdaýlar boýunça öz garaýyşlaryny beýan edýärler. Watikan şäheri, Palestina döwleti we Ýewropa Bileleşigi hem çärä gatnaşmaga çagyryldy.

Debatlar günüň birinji ýarymynda ýerli wagt bilen 09:00-dan 14:45-e çenli, ikinji ýarymynda bolsa 15:00-dan 21:00-a çenli geçirilýär. Adatça her bir çykyş edijä 15 minut wagt berilýär, emma bu meýletin bolup, çykyş edenler sözüni tamamlaýança diňlenilýär we çykyş etmeli wekilleriň ählisi çykyp gepleýänçä sessiýalar dowam edýär. Braziliýa we ABŞ-dan soňra beýleki agza döwletler üçin çykyş etmegiň tertibi wekilçilik derejesine, bildirilen isleglere we geografik deňagramlylyga görä kesgitlenýär.