(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda).
1978-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa goň­şu­sy we fut­bol­da­ky eze­li bäs­de­şi Ar­gen­ti­na­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da 3-nji to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär. 1–2-nji du­şu­şy­gy­ny, Şwe­si­ýa­dyr (1–1) Is­pa­ni­ýa (0–0) bi­len deň­me-deň oý­nan sam­ba­çy­lar Awst­ri­ýa­ny Di­na­mi­te­niň go­ly bi­len ýeň­ýär. 2-nji tap­gyr­da to­par­çada­ky 1-nji oý­nun­da Pe­ru döw­le­ti­niň ýy­gyn­dy­sy­ny 3–0 ut­ýar. Soň­ra Ar­gen­ti­na bi­len deň­me-deň oý­na­ýar (0–0). Pol­şa­da­nam 3–1 üs­tün çyk­ýar we 5 utuk top­la­ýar. Edil şo­nuň ýa­ly, Ar­gen­ti­na hem 5 utuk top­la­ýar, ýö­ne tangoçylar soň­ky du­şu­şy­gyn­da pe­ru­ly­la­ryň to­run­dan jo­gap­syz 6 pök­gi gi­ri­zip, gol ara­ta­pa­wu­dyn­da öňe saý­lan­ýar (Bu du­şu­şyk hä­zir­le­rem je­del­li ýag­daý­da). Şeý­le­lik­de, Bra­zi­li­ýa al­tyn däl-de, bü­rünç me­dal ug­run­da­ky du­şu­şy­ga çyk­ma­ly bol­ýar. On­da-da 8 ýyl öň fi­nal­da utan gar­şy­da­şy Ita­li­ýa­ny Ne­li­nio we Dir­seu­nyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 2-nji ge­zek 3-nji or­ny eýe­le­ýär.
1982-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy Is­pa­ni­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Esa­sy ýyl­dy­zy Zi­ko we Sokratesiň öň­de­ba­ry­jy­ly­gyn­da 6-njy to­par­çada SSSR-i 2–1 (Sok­ra­tes 76, Eder 89 — Bal 34), Şot­lan­di­ýa­ny 4–1 (Zi­ko 33, Os­kar 48, Eder 68, Fal­koa 87 — Na­reý 18) hem-de Tä­ze Ze­lan­di­ýa­ny 4–0 (Zi­ko 28, 31, Fal­kao 64, Ser­ji­nio 70) ha­sa­byn­da ýeň­ýär. 2-nji tap­gy­ryň to­par­ça­la­ryn­da bu ge­zek Ar­gen­ti­na­ny 3–1 ut­ýar (Zi­ko 11, Ser­ji­nio 66, Ju­ni­or 75 — Di­az 89). Ros­si­niň het-trik eden du­şu­şy­gyn­da Ita­li­ýa­dan ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da 3–2 (Ros­si 5, 25, 74 — Sok­ra­tes 12, Fal­kao 68) ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­ýar. To­par­ça­da 2-nji or­ny eýe­läp, ýa­ryş­dan çyk­ýar. 1986-njy ýyl­da ýa­ryş ýe­ne-de um­ma­nyň beý­le­ki ta­ra­py­na do­lan­ýar. Bu ge­zek­ki bäs­le­şi­gi Mek­si­ka özün­de ka­bul ed­ýär. 3-nji çem­pi­on­lyk­dan soň, bas­syr 3 ýa­ry­şy ku­bok­syz ta­mam­lan Bra­zi­li­ýa 1986-njy ýyl­da Dün­ýä çem­pio­na­tyn­a “D” to­par­ça­da Is­pa­ni­ýa­ny 1–0 (Sok­ra­tes 62) ha­sa­byn­da utup, ýe­ňiş bi­len baş­la­ýar. Bu sa­parky çem­pio­nat­da to­pa­ryň esa­sy ýyl­dyz­la­ry Sok­ra­tes we Ka­re­ka bo­lup, Bra­zi­li­ýa 1–0 hasaby bi­len Al­žir­de­nem üs­tün çyk­ýar (Ka­re­ka 66). De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa­ny-da Ka­re­ka­dyr (15, 87) Žo­si­ma­ryň (42) gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. 2-nji tap­gyr­da Pol­şa­dan 4–0 (Sok­ra­tes 30 p, Jo­si­mar 55, Edi­nio 79, Ka­re­ka 83 p) üs­tün çyk­sa-da, çär­ýek fi­nal­da Fran­si­ýa­dan pe­nal­ti­ler­den soň, as­gyn gel­ýär (1–1, Ka­re­ka 17 — Pla­ti­ni 40; 3–4 p,).
1990-njy ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy­ny ge­çir­mek­lik ge­ze­gi ýe­ne-de Ýew­ro­pa do­lan­ýar. 1934-nji ýyl­dan soň, 2-nji ge­zek Ita­li­ýa­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da Bra­zi­li­ýa ýe­ne bir ýo­la Şwe­si­ýa bi­len ga­bat­laş­ýar we 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar (Ka­re­ka 40, 63 — Bro­lin 79). Sam­ba­çy­lar soň­ra Kos­ta Ri­ka­ny we Şot­lan­di­ýa­ny Mül­le­riň ge­çi­ren gol­la­ry bi­len iki­si­nem 1–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. 2-nji tap­gyr­da Ar­gen­ti­na bi­len du­şu­şyp, çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da Bra­zi­li­ýa ezeli gar­şy­da­şy­ndan 1–0 asgyn gelýär (Ka­nij­jia 80).

24 ÝYLDAN SOŇ 4-nji ÇEMPIONLYK
1994-nji ýyl­da Dün­ýä Ku­bo­gy il­kin­ji ge­zek ABŞ-da gu­ral­ýar. In­di bra­zil­ler üçin ku­bo­gy al­ma­gyň wag­ty ge­lip ýe­tip­di. 24 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­lyk ga­za­nyp bil­me­ýän Bra­zi­li­ýanyň ýygyndysy Rus­si­ýa, Şwe­si­ýa hem-de Ka­me­run bi­len bir to­par­ça düş­ýär. Rus­si­ýa­ny Ro­ma­rio we Ra­ýyň gol­la­ry bi­len 2–0 ut­sa, Ka­me­ru­nyň to­run­dan jo­gap­syz 3 pök­gi gi­riz­ýär (Ro­ma­rio 39, Mar­sio San­tos 66, Be­be­to 73). Şwe­si­ýa bi­le­nem 1–1 deň­me-deň oý­na­ýar (Ro­ma­rio 46 — K. An­ders­son 23). 2-nji tap­gyr­da ýer eýe­le­ri ABŞ bi­len gar­şy­laş­ýar we Be­be­to­nyň 72-nji mi­nut­da­ky go­ly bi­len ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Gol­lan­di­ýa bi­len çär­ýek fi­nal­da­ky ta­ry­hy du­şu­şyk­da 3–2 (Romario 53, Bebeto 63, Branko 81—Bergkamp 64, Winter 76) ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Bra­zi­li­ýa ýa­rym fi­nal­da ýe­ne-de Şwe­si­ýa bi­len ga­bat­laş­ýar. Bu sa­par Ro­ma­rio sam­ba­çy­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­ýar (1–0). Şeý­le­lik­de, 24 ýyl­dan soň fi­nal­da ýe­ne-de Ita­li­ýa bi­len du­şuş­ýar. Oý­nuň esa­sy hem-de goş­ma­ça wagt­la­ryn­da ha­sap açyl­ma­ýar. Du­şu­şyk­dan soň­ky pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da 3–2 öňe saý­la­nan Bra­zi­li­ýa Dün­ýä Ku­bo­gy­ny 4-nji ge­zek as­ma­na gö­ter­ýär we mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji ýy­gyn­dy ady­ny al­ýar.
1998-nji ýyl­da çem­pio­nat Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Bra­zi­li­ýa köp­lenç ga­bat­laş­ýan to­par­la­ryn­dan Şot­lan­di­ýa­dan 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, ýe­ňiş bi­len baş­la­ýar. Soň­ra Ma­rok­ko­ny 3–0 utup, Nor­we­gi­ýa­dan 2–1 ha­sa­byn­da as­gyn gel­ýär. 1/8 fi­nal­da Çi­li­ni ýeň­mek kyn düş­me­ýär. Se­zar Sam­pai we Ro­nal­do­nyň hersiniň 2 goly bi­len ozal­da­nam ga­ty be­let gar­şy­da­şy­ny 4–1 ha­sa­byn­da ut­ýar. Çär­ýek fi­nal­da Da­ni­ýa sam­ba­çy­la­ra kyn­çy­lyk dö­ret­se-de, Be­be­to we Ri­wal­do (2) to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­tir­ýär (3–2). Ýa­rym fi­nal­da Bra­zi­li­ýa mun­dan 4 ýyl oza­lam gar­şy­la­şan bäs­de­şi Gol­lan­di­ýa bi­len du­şuş­ýar. Oý­nuň esa­sy wag­ty Ro­nal­do we Klui­wer­tiň gar­şy­lyk­ly gol­la­ry bi­len deň­me-deň gu­tar­ýar. Pe­nal­ti­le­ri has dürs (4–2) ýe­ri­ne ýe­ti­ren Bra­zi­li­ýa bas­syr 2-nji ýo­la fi­na­la çyk­ýar. Fi­nal­da ýer eýe­le­ri Fran­si­ýa bi­len du­şuş­ýar. Oýun­dan öňki we soňky dür­li gür­rüň­le­riň kö­le­ge­sin­de ge­çen du­şu­şyk­da fransuzlar Zi­dan (2) we Pe­ti­niň pök­gü­le­ri esa­syn­da 3–0 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram ed­ýär. Bra­zi­li­ýa bol­sa, il­kin­ji ge­zek fi­nal­da utu­lyp, 1950-nji ýyl­dan soň, 2-nji sa­par çem­pio­na­ty kü­müş me­dal bi­len ta­mam­la­ýar.
2002-nji ýyl­da çem­pio­nat yk­ly­my­ny düýp­gö­ter üýt­ge­dip, Azi­ýa­da, has ta­ky­gy, Gü­nor­ta Ko­re­ýa we Ýa­po­ni­ýa­da ge­çiril­ýär. Il­kin­ji ge­zek fut­bo­lyň iň uly çä­re­si­ni 2 döw­let bi­le­lik­de gu­ra­ýar. Bra­zi­li­ýa bu ýa­ry­şa soň­ky pur­sat­da gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­ýar. “C” to­par­ça­da Tür­ki­ýe, Hy­taý hem-de Kos­ta Ri­ka bi­len öza­ra güýç sy­na­ny­şan Bra­zi­li­ýa 3 oý­nu­ny-da ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­ýar. Tür­ki­ýä­ni 2–1 (Ronaldo, Riwaldo), Hy­ta­ýy 4–0 (R. Karlos, Riwaldo Ronaldinio p, Ronaldo), Kos­ta Ri­ka­ny-da 5–2 (Ronaldo 2, Edmilson, Riwaldo, Junior) ha­sa­byn­da ýe­ňip, uly hasaply ýe­ňiş­ler ga­zan­ýar. 1/8 fi­nal­da Bel­gi­ýa­ny Ri­wal­do we Ro­nal­do­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da utup, çär­ýek fi­na­la pe­tek al­ýar. Çär­ýek fi­nal­da Ang­li­ýa­ny garşydaşynyň 1–0 öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Ri­wal­do we Ro­nal­di­nio­nyň pök­gü­le­ri esa­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär (2–1). Ýa­rym fi­nal­da to­par­ça­da-da gabatlaşan gar­şy­da­şy Tür­ki­ýe bi­len du­şuş­ýar we Ro­nal­do­nyň ýe­ke-täk go­ly (49) bi­len 1–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ýar. Fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa bi­len güýç sy­na­ny­şyp, ýene-de su­per ýyl­dy­zy, şol çempionatyň iň netijeli oýunçysy bolan Ro­nal­do­nyň 2 go­ly (67, 79) bi­len 5-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram ed­ýär.
2006-njy ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­da we 2010-njy ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da Bra­zi­li­ýa bir­meň­zeş ne­ti­je­ler gör­kez­ýär. Ýag­ny iki­sin­de-de çär­ýek fi­nal­dan öýü­ne do­lan­ýar. Ger­ma­ni­ýa­da­ky ýa­ryş­da Hor­wa­ti­ýa­ny 1–0 (Kaka 44), Awst­ra­li­ýa­ny 2–0 (Adriano 49, Fred 90), Ýa­po­ni­ýa­ny-da 4–1 (Ronaldo 45+1, 81, Juninio 53, Jilberto) ha­sa­byn­da ýe­ňip, 2-nji tap­gyr­da-da Ga­na­dan 3–0 (Ronaldo 5, Adriano 45+1, Ze Roberto 84) üs­tün çyk­ýar. Çär­ýek fi­nal­da bol­sa, Fran­si­ýa ola­ry An­ri­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­ýär. 4 ýyl­dan soň­ky çem­pio­nat­da-da to­par­ça­da De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­ny 2–1 (Maikon 55, Elano 72), Kot-d’Iwua­ry 3–1 (L. Fabiano 25, 50, Elano 62) ut­ýar. Por­tu­ga­li­ýa bi­le­nem deň­me-deň oý­nap (0–0), 1/8 fi­nal­da Çi­li bi­len ga­bat­laş­ýar. Bu ge­ze­gem üs­tün­lik sam­ba­çy­la­ryň ta­ra­pyn­da bol­ýar (3–0; Juan 34, L.Fabiano 38, Robinio 59). Ýö­ne çär­ýek fi­nal­da bra­zil­le­re he­mi­şe di­ýen ýa­ly kyn­çy­lyk dö­red­ýän Gol­lan­di­ýa 2–1 (Sneýder 53, 68 — Robinio 10) ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­yp, sambaçylary öýüne ugradýar.

ÖZÜNDE GEÇIREN 2-nji ÇEMPIONATYNDA-DA…
2014-nji ýyl­da 20-nji Dün­ýä Ku­bo­gy 64 ýyl­dan soň, 2-nji sa­par Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ril­ýär. Bi­rin­ji ge­zek­ki tej­ri­be ola­ryň ýat­dan çy­kar­mak is­le­ýän çem­pio­nat­la­ry hök­mün­de ta­ry­ha gi­rip­di. Ikin­ji­si hem şeý­le bol­ýar. As­lyn­da şow­suz­lyk­lar çem­pio­nat­dan öň baş­lan­ýar. Tä­lim­çi Skolariniň dü­zü­me ça­gy­ran kä­bir oýun­çy­la­ry­na nä­gi­le­lik­ler bil­di­ril­ýär. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, bi­ler­men­ler ta­ra­pyn­dan oýun tak­ti­ka­sy taý­dan pes gö­rül­se-de, to­par­ça­da 2 ýe­ňiş (Hor­wa­ti­ýa­ny 3–1, Ka­me­ru­ny 4–1 ut­ýar) 1 deň­lik (Mek­si­ka 0–0) ne­ti­je bilen çykyş edýär. 2-nji tap­gyr­da Çi­li­ni pe­nal­ti­ler­den soň ýeň­me­gi ba­şar­ýar. Çär­ýek fi­nal­da-da yk­ly­myň baş­ga bir to­pa­ry Ko­lum­bi­ýa­ny kyn­lyk bi­len ýeň­ýär (2–1; T. Sil­wa 7, D. Lu­iz 69 — H. Rod­ri­ges 80 p). Oýun taý­dan pes hem bol­sa, Bra­zi­li­ýa Bra­zi­li­ýa bol­ýar di­ýen ýö­rel­ge ýa­rym fi­na­la çen­li öz güý­jü­ni gör­kez­ýär. Ýö­ne ýa­rym fi­nal­da we­lin…
Be­lu-Ori­zon­ti­dä­ki “Mi­neý­rao” sta­di­on­da­ky ýa­rym fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa bi­len du­şuş­ýar. Esa­sy ýyl­dy­zy Neý­mar­syz meý­dan­ça çy­kan Bra­zi­li­ýa öm­rün­de gör­me­di­gi­ni bu oýun­da gör­ýär. Eý­ýäm 1-nji ýa­rym­da 5 pök­gi ge­çi­ren ne­mes­ler sta­di­on­da­ky jan­kö­ýer­le­riň kö­pü­si­niň ag­laş­ma­gy­na, kä­bir­le­ri­niň bol­sa, oý­ny terk et­megi­ne se­bäp bol­ýar­. Soň­lu­gy bi­len, Ger­ma­ni­ýa­dan 7–1 ha­sa­byn­da utul­ýar we bu Bra­zi­li­ýa­nyň ta­ryh­da­ky iň uly ýeň­li­şi diý­lip ha­sa­ba alyn­ýar. Ýer eýe­le­ri 3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da-da Gol­lan­di­ýa­dan 3–0 ha­sa­byn­da utu­lyp, öz­le­ri üçin ju­da pes ne­ti­je bo­lan bü­rünç me­da­ly hem alyp bil­me­ýär­ler. Ga­raz, Bra­zi­li­ýa Dün­ýä Ku­bo­gy­ny özün­de ge­çir­se, şow­ly bol­ma­ýar. Mu­ny 2 ge­zek tej­ri­be eden Bra­zi­li­ýanyň 3-nji sy­na­ny­şy­gy­na baş go­şup-goş­ma­jak­dy­gy­ny wagt gör­ke­zer. Ýö­ne öňki 2 synanyşygyndan haý­sy­sy­nyň has pa­jy­ga­ly­dy­gy­ny bil­mek we­lin, janköýerler üçin ju­da kyn.
Rus­si­ýa – 2018-e il­kin­ji bo­lup, ýol­lan­ma alan to­par Bra­zi­li­ýa­ bu ýyl­ky çem­pio­nat­da has şow­ly oýun gör­ke­zer diý­lip çak­la­nyl­ýar. Hat­da Neý­mar we ýol­daş­la­ryn­dan çem­pi­on­ly­ga ga­raş­ýan­la­ryň sa­ny-da az däl. Başgaça aýdylanda, di­ňe bir bra­zil hal­ky däl, eý­sem, Ýer şa­ryn­da iň köp jan­kö­ýer­lik edil­ýän ýy­gyn­dy­la­ryň bi­ri bo­lan Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan we onuň tä­lim­çi­si Ti­te­den fut­bol muş­dak­la­ry mun­dan 4 ýyl öň­ki şol ta­ry­hy ýeň­li­şiň öwe­zi­ni çem­pi­on­lyk bi­len dol­ma­gy­na ga­raş­ýar­lar.