Alýaskada ýüze çykarylan täze tapyndy alymlary Amerika yklymyna göçüp barlyşy barada täzeçe pikirlenmäge mejbur etdi. Taryhçylar 11 500 ýyl mundan ozalky ynsan ystyhanlaryny ýüze çykardylar. Genetiki seljerişler bu ynsanyň henize çenli alymlara näbelli bolan gadymy ynsanlaryň toparyna degişlidigini görkezdi.
Gadymy ynsanyň DNA barlaglary 20 000 ýyl mundan ozal, Sibirden Amerika yklymyna göçe-göçlügiň bolanlygy baradaky alymlaryň nazaryýetini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Şol döwürde Bering bogazyndaky ummanyň derejesi pese düşüpdir we Alýaskany we Sibiri birikdirýän gury zolak emele gelipdir. Soňra aýlagyň daş-töweregindäki buzlar erände ýene-de suwdan dolupdyr.
Göçüp baranlaryň bir bölegi demirgazykda galypdyr, beýlekileri bolsa, gardan we buzdan azat çäklerde ýerleşmek maksady bilen, günorta tarap hereket edipdirler. Gadymy ynsanlaryň bu iki topary Demirgazyk we Günorta Amerikanyň häzirki ýerli ýaşaýjylarynyň eždatlary bolupdyrlar.
Begenç Babaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.