ABŞ-nyň De­mir­ga­zyk Da­ko­ta uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri okuw ja­ýy­nyň bar­lag­ha­na­syn­da ar­my­dyň dü­zü­mi­ni öw­ren­di­ler. Alym­lar ge­çi­ren bar­lag­la­ryn­da ar­my­dyň kö­ne ke­sel­le­riň höt­de­sin­den gel­ýän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. Ar­myt iýi­len­den soň­ra aş­ga­zan­da­ky “He­licobacter py­lo­ri” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan zy­ýan­ly bak­te­ri­ýa­la­ryň dö­red­ýän ke­sel­le­ri bi­len tä­sir­li gö­re­şip­dir. Peý­da­ly bak­te­ri­ýa­lar mun­da zy­ýan çek­me­di­ler diý­lip, “The Deccan Chro­nicle” saý­tyn­da ýa­zyl­ýar.
Şeý­le hem hü­när­men­ler ar­my­dyň süý­jü­ke­se­liň 2-nji gör­nü­şi­ne gar­şy du­rup-dur­ma­ýan­ly­gy­ny aý­dyň­laş­dyr­ma­ga sy­na­nyş­dy­lar. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler bu mi­wä­niň öz dü­zü­min­de fe­nol­la­ry we an­ti­ok­si­dant­la­ry sak­la­ýan­dy­gy­ny hem-de glýu­ko­za­la­ryň we krah­ma­lyň mad­da çal­şy­gy­na gat­naş­ýan fer­ment­le­ri ha­ýal­lad­ýan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Diý­mek ar­myt süý­jü­ke­sel bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýü­ze çyk­ýan gi­perg­li­ke­mi­ýa we gi­per­to­ni­ýa ýa­ly nä­hoş­luk­lar­da oňat se­riş­de bo­lup dur­ýar. Alym­la­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, ar­myt klet­çat­ka­la­ra we C wi­ta­mi­ni­ne baý­dyr. Ar­myt­da ka­liý köp. On­da nat­riý, ýag, ho­les­te­rin bol­ma­ýar.