Günorta Koreýanyň Prezidenti Pak Kyn He Eýran Yslam Respublikasynda resmi saparda boldy. Iki ýurduň taryhynda uly ähmiýete eýe bolan bu saparyň barşynda döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjak ençeme ylalaşyklara gol çekildi. Prezident Park Geun-hye öz ýurduna wekilçilik edip, Eýranda saparda bolan ilkinji döwlet baştutany boldy.
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani öz koreýaly kärdeşini Sadabat köşgünde dabaraly ýagdaýda garşy aldy. Soňra iki ýurduň liderleri ikiçäk we giňişleýin düzümde gepleşikler geçirdi. Gepleşikleriň barşynda halkara we sebit meseleleri bilen bir hatarda, ýangyç-energetika, bank ulgamy, gurluşyk, saglyk, bilim, tehnologiýa hem-de medeniýet pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Tährandaky gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda 19 ylalaşyga gol çekildi. Taraplar ulag, nebit-gaz, nebit-himiýa, suw serişdeleri, elektrik energiýasy, ylym-bilim, tehnologiýa we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýarlar.
Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Ol hem döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Geljek ýyllarda haryt dolanyşygyny häzirki 6 milliard dollarlyk derejesinden 18 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. 2015-nji ýylda haryt dolanyşygy 6,1 milliard dollara deň boldy. Bu görkezijide Eýranyň Günorta Koreýadan satyn alýan harytlaryň möçberi uly orun tutýar. Şeýle hem Günorta Koreýa Eýranyň nebitini satyn alýan esasy ýurtlaryň biridir.
Nebit eksportuny artdyrdy
Eýran Yslam Respublikasy nebit eksportuny bir gije-gündizde 2,3 million barrele ýetirdi. Bu barada ýurduň Prezidenti Hasan Ruhani habar berdi. Mundan ozal, Eýrana bir gije-gündizde 1 million barrele çenli nebit eksportuny amala aşyrmaga rugsat berilýärdi.
Ýurduň Nebit ministrliginiň maglumatyna görä, şu ýylyň 20-nji martyndan başlap, Eýran «gara altynyň» eksportuny 2 million barrele ýetirdi. Şu maliýe ýylynda ýurtda nebit önümçiligini bir gije-gündizde 2,25 million barrele ýetirmek göz öňünde tutulypdy. Häzir bu ýagdaý düýpgöter özgerip, önümçilik möçberi has-da artdyryldy.