Gyş paslynyň dowam edýän döwründe, megerem, dünýäniň iň sowuk ýeriniň nirededigi köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Ol Russiýanyň Ýakutiýa Respublikasydyr. Başgaça aýdylanda, Saha Respublikasydyr. Geçen hepde bu ýerde howanyň temperaturasy -64 derejä ýetdi. Okuwçylar dynç alşa iberildi. Raýatlaryň aşa sowuk howada kynçylyk çekmezligi üçin ähli şertler döredilmäge çalşylýar. Bu ýer demirgazyk ýarym şaryň iň sowuk mekanydyr. Şeýle hem şu wagta çenli howanyň iň sowuk derejesi 1933-nji ýylda Oýmýakon obasynda bolup geçdi. Şol ýyl howanyň temperaturasy – 67,8 derejä ýetdi. Şeýle sowuk howada daşaryk çykýan adamlaryň, hatda kirpikleriniň hem doňýan pursatlarynyň suratlaryny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görmek bolýar.