Şu ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Çehiýada prezident saýlawlary geçirildi. Ýurduň häzirki Prezidenti Miloş Zeman bilen Ylymlar akademiýasynyň ozalky ýolbaşçysy Irži Dragoş ikinji tapgyrda bäsleşer. Saýlawyň ikinji tapgyry 26-27-nji ýanwarda geçiriler. Saýlawa 9 dalaşgär gatnaşdy. Resmi maglumatlara görä, saýlawçylaryň 61,92 göteriminiň gatnaşmagynda geçirilen birinji tapgyrda Miloş Zeman 38,65 göterim, Irži Dragoş 26,6 göterim ses aldy. Ýurtda döwlet Baştutanynyň wezipe möhleti 5 ýyl bolup, ol 2 möhlete saýlanyp bilýär. Mundan ozalky saýlawlar 2013-nji ýylda geçirilipdi.
Awtoulag öndürýän “Ford” kompaniýasy 2022-nji ýyla çenli elektrik togy bilen işleýän ulag önümçiligine 11 milliard dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Mundan ozal, 4,5 milliard dollar maýa goýmagy göz öňünde tutan kompaniýa maýa goýumyň möçberini 2 esse artdyryp, elektrik togy bilen hereket edýän ulaglarynyň görnüşlerini 16-a ýetirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kompaniýa ABŞ-da elektrik energiýasy bilen işleýän ýeke-täk ulag görnüşini satýar.
Ispan we fransuz suratkeşi Pablo Pikassonyň iň gowy eserleriniň biri “Sotheby’s” söwda satuwynda satylar. “Beretdäki kletçatkaly köýnekli aýal” (Mariýa-Tereza Walter) atly suraty 28-nji fewralda London şäherinde geçiriljek söwda satuwynda sungat muşdaklaryna hödürlener. 1937-nji ýylda çekilen suratyň 2018-nji ýylyň ilkinji uly söwdasy bolmagyna garaşylýar. Bu surat satuwa çykarylmazdan ozal, Gonkongda, Taýpeýde we Nýu-Ýorkda müşderilere görkeziler.
Brenninkmeýeriň maşgalasy köp ýyllardan bäri eýeçilik edýän “C&A” kompaniýalar zynjyryny hytaýly maýadarlara satmagy göz öňünde tutýar. 1841-nji ýylda esaslandyrylan hem-de Ýewropanyň iri riteýleriniň bazar bahasy 20 milliard ýewro barabardyr. Dünýäniň köp sanly ýurdunda ýüzlerçe dükany bolan kompaniýanyň işgärleriniň sany 35 müňden gowrakdyr. Diňe Germaniýada 467 dükany bar.
“Airbus” awiagurluşyk kompaniýasy 2017-nji ýylda 85 müşderisine 718 uçar tabşyrdy. Ýewropanyň iri şereketi 2016-njy ýyl bilen deňeşdireniňde, 4 göterim ösüş gazandy, şol ýyl 688 uçary müşderilerine iberipdi. 2017-nji ýylda kompaniýa 558 sany “Airbus-A320”, 67 sany “Airbus-A330”, 78 sany “Airbus-350” hem-de 15 sany “Airbus-A380” kysymly uçarlary öndürdi. 2017-nji ýylyň ahyrynda umumy bahasy 1,059 trillion dollara barabar 7265 uçar sargyt aldy.
Özbegistanda köp mukdarda palaw taýýarlamak babatda bäsleşik dowam edýär. Bu gezek ýurduň Surhandarýo welaýatynda 46 aşpeziň gatnaşmagynda 8 tonnadan gowrak palaw ataryldy. Bu ugurdaky rekord täzelendi. Bu çäre Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp geçirildi. Geçen ýylyň 8-nji sentýabrynda Daşkentde 7360 kilogram möçberinde palaw taýýarlanyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi.
Ululygy boýunça dünýäde 5-nji orunda durýan gymmatbahaly daş hasaplanýan almaz Günorta Afrikadaky Lesoto döwletinden tapyldy. “Gem Diamonds Ltd.” kompaniýasyna degişli “Letseng” magdan ýatagyndan tapylan almazyň agramy 910 karata, bahasy 40 million dollara deňdir. Şeýle almazlara gaty seýrek duş gelinýär. “Letseng” ýatagy dürli ululykdaky almazlaryň gory hökmünde meşhurdyr. 2006-njy ýylda ak reňkdäki almazlaryň birnäçesi tapyldy. Olaryň iň ulusy 603 karata deň bolupdy. 2017-nji ýylda 1100 karat agramyndaky “Lesedi la Rona” almazy 53 million dollara satylypdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk edarasynyň 2017-nji ýyl boýunça deslapky maglumatlaryna görä, iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň sanawynda birinji orny Fransiýa (82,6 mln), ikinji orny Ispaniýa (82 mln) we üçünji orny ABŞ eýeledi. ABŞ-nyň syýahatçylyk pudagyna degişli görkezijileri çap edilmedi. Ýöne bu görkezijileriň Ispaniýanyňkydan pesdigi çaklanylýar.