Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda ABŞ-nyň Detroýt şäherinde Demirgazyk Amerikanyň halkara awtoulag sergisi (NAIAS) öz işine başlady. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Detroýt awtoulag sergisi hökmünde-de tanalýan bu halkara forumda dünýäniň iri ulag öndüriji kompaniýalary özleriniň täze ulaglaryny tanyşdyrdy. Dünýäniň iň uly awtoulag sergisi 1899-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 1907-nji ýyldan bäri bolsa, her ýyl geçirilýär. Şu ýylky sergi 28-nji ýanwara çenli dowam eder.
Bu gezekki gözden geçiriliş çäresinde “Audi A7”, “BMW i8 Coupe” (täzelenen), “BMW X2”, “Chevrolet Silverado”, “Hyundai Veloster”, “Jeep Cherokee” (täzelenen), “Mercedes-AMG CLS53”, “Mercedes-Benz G-Class”, “Ram 1500”, “Rolls-Royce Phantom”, “Toyota Avalon” we “Volkswagen Jetta” ýaly ulaglaryň täze görnüşleri awtoulag muşdaklarynyň ünsüni çekdi.
Şu ýerde bu sergidäki has köp gyzyklanma bildirilen ulaglaryň käbiri barada gysgaça maglumat bermegi makul bildik.
Esasy Dünýä täzelikleri Detroýtdaky halkara awtoulag sergisi:2018-nji ýylyň täze ulaglary