Şu gün Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu çä­re ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­lan­dy. Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän göz­den ge­çi­ri­li­şiň açy­lyş da­ba­ra­sy­na Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, luk­man­çy­lyk yl­my-kli­ni­ki mer­kez­le­riň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we we­kil­le­ri, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri hem-de hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar gat­naş­dy­lar. Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len diň­le­di­ler.


Ser­gi­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ösüş dep­gi­ni, Türk­me­nis­ta­nyň luk­man­çy­lyk yl­myn­da we se­na­ga­tyn­da, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ýe­ten sep­git­le­ri, ägirt uly kuw­wa­ty, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň bu ul­gam­da­ky iş­jeň gat­na­şyk­la­ra bar­ha art­ýan gy­zyk­lan­ma­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.


«Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi 12-nji okt­ýab­ra çen­li do­wam eder.