2018-nji ýyl­dan bä­ri her ýy­lyň 14-nji okt­ýab­ry Elekt­ron zy­ňyn­dy­la­ryň hal­ka­ra gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Bu se­ne 2018-nji ýyl­da elekt­rik we Elekt­ron en­jam­la­ryn­dan eme­le ge­len zy­ňyn­dy fo­ru­myn­da tek­lip edil­ýär we dö­re­dil­ýär.
Mun­dan bir asyr ozal teh­no­lo­gi­ýa has ha­ýal ös­ýär­di. My­sal üçin, te­le­wi­zo­ryň ön­dü­ri­lip baş­la­nan­dan soň di­ňe ýaý­ra­ma­gy däl, eý­sem onuň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gy üçin hem uzak ýyl­lar ge­rek bol­dy. 1884-nji ýyl­da 23 ýaş­ly ne­mes ta­ly­by Pa­ul Ýu­li­us Got­lib Nip­kow “Nip­kow dis­ki” at­ly en­ja­ma Ber­lin­de pa­tent al­ýar. Bu disk ha­ky­ky dur­muş­da hiç ha­çan ula­nyl­ma­sa-da, soň­ky ýyl­lar­da ul­ga­myň baş­ga gör­nüş­le­ri te­le­wi­zo­ryň iş­le­nip taý­ýar­lan­ma­gyn­da peý­da­la­nyl­dy. Rus aly­my Kons­tan­tin Pers­kiý 1900-nji ýyl­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­de eden çy­ky­şyn­da ka­gyz ýü­zün­de “te­le­wi­zor” (te­levision) sö­zü­ni oka­ýar. 1906-njy ýyl­da ital­ýan in­že­ne­ri Aw­gus­to Bis­si­ri bir su­ra­tyň şe­ki­li­ni bir otag­dan beý­le­ki ota­ga “gö­ni ýaý­lym” ar­ka­ly ge­çir­ýär. 1911-nji ýyl­da ni­der­land ge­lip çy­kyş­ly rus in­že­ne­ri Bo­ris Ro­zing hem-de onuň okuw­çy­sy rus-ame­ri­kan aly­my Wla­di­mir Zwo­ry­kin şe­ki­li uzak ara­ly­ga iber­ýän ul­gam dö­red­ýär. Bu usul ar­ka­ly he­re­ket­li şe­kil­le­ri ibe­ril­mek müm­kin däl­di. Se­bä­bi onuň skan­ne­ri ýe­ter­lik de­re­je­de duý­gur däl­di.
1927-nji ýyl­da şot­land aly­my Jon Lou­gi Berd te­le­fon li­ni­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly Lon­don­dan Glaz­go çen­li 700 ki­lo­metr­den gow­rak ara­ly­ga sig­nal iber­me­gi ba­şar­ýar. Şol dö­wür­ler he­re­ket­li şe­kil­le­ri uzak ara­ly­ga iber­mek üçin di­ňe Ýew­ro­pa­da däl, eý­sem ABŞ-da we dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­rin­de hem tä­ze açyş­lar edil­ýär. Il­kin­ji te­le­wi­zor­lar 1930-njy ýyl­lar­da peý­da bo­lup baş­lan hem bol­sa, 1960-njy ýyl­lar­dan soň­ra ola­ryň halk köp­çü­li­gi­ne ýaý­rap baş­la­ýar.
Beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ryň ýaý­ra­ma­gy hem uzak ýyl­la­ry al­ýar. Uzak ýyl­lar­da oý­la­nyp ta­py­lan en­jam­la­ryň ula­nyş möh­le­ti hem uzak bol­ýar. Şol se­bäp­li il­ki-il­ki­ler is­len­dik en­jam “maş­ga­la ýa­dy­gär­li­gi” hök­mün­de ne­sil­den-nes­le ge­çip­dir. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, iň ýaý­ran elekt­ron ejam­la­ryň bi­ri bo­lan te­le­fon­la­ryň üs­tün­den bir ýyl ge­çen­den eý­ýäm tä­ze­si çyk­ýar. Şeý­le­lik­de ge­çen ýyl al­nan te­le­fon eý­ýäm “kö­ne” ha­sap­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, elekt­ron en­jam­la­ryň şeý­le köp gör­nü­şi bar we­lin, olar bar­mak ba­syp sa­nar­dan örän köp. Köp elekt­ron en­ja­myň sa­tyn alyn­ma­gy (ola­ryň için­de örän gys­ga wagt ula­nyl­ýa­ny hem az däl) köp muk­dar­da elekt­ron zy­ňyn­dy­nyň eme­le gel­me­gi­ne ge­tir­ýär. Ine, şu me­se­le bol­sa, elekt­ron zy­ňyn­dy­la­ryň hal­ka­ra gü­nü­niň dö­re­dil­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da zy­ňyn­dy elekt­ron en­jam­la­ry ola­ryň dü­zü­min­dä­ki ma­te­ria­ly­na gö­rä, bö­lek­le­re bö­lüp gaý­ta­dan çig mal hök­mün­de peý­da­lan­mak üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, şo­ňa de­giş­li tä­ze za­wod­lar gu­rul­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, her ýyl­da 50 mil­li­on ton­na elekt­ron zy­ňyn­dy eme­le gel­ýär. Ola­ryň 20 gö­te­ri­min­den az bö­le­gi gaý­ta­dan iş­len­ýär. Em­ma gaý­ta­dan iş­len­ýän elekt­ron en­jam­la­ryň zy­ňyn­dy­la­ry­nyň muk­da­ry her ýyl art­ýar. Ola­ry gaý­ta­dan iş­le­mek we te­bi­ga­ta ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­ny halk köp­çü­li­gi­ne aýan et­mek üçin dür­li kam­pa­ni­ýa­lar hem ge­çi­ril­ýär. My­sal üçin, 2021-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Tok­ýo­da ge­çi­ri­len To­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan tür­gen­le­re gow­şu­ry­lan me­dal­lar elekt­ron en­jam­la­ryň zy­ňyn­dy­la­ryn­dan alyn­dy. Oýun­lar baş­la­maz­dan ozal mu­nuň üçin uly kam­pa­ni­ýa ýo­la goý­lup, adam­la­ryň ula­nyş­dan ga­lan elekt­ron en­jam­la­ry­ny tab­şyr­ma­gy üçin ýö­ri­te no­kat­lar dö­re­dil­di.
Elekt­ron zy­ňyn­dy­la­ryň hal­ka­ra gü­nün­de halk köp­çü­li­gi­ne tä­ze elekt­ron en­jam­la­ry sa­tyn alan­la­ryn­da we bar bo­lan­la­ry­ny ula­nyş­dan aýy­ran­la­ryn­da has oý­la­ny­şyk­ly bol­ma­gy ýat­la­dyl­ýar.