Geçirilen barlaglaryň gelnen netijelerine görä dünýä ummanlaryna her ýylda 12 million tonna töweregi plastmassa zyňylýar. Olaryň köp bölegi akar suwlaryň üsti bilen ummanlara garyşýar. Plastmassa topraga düşende çüýräp ýok bolmagy üçin birnäçe asyr gerek bolýar. Suwda bolsa has uzak wagtlap, durkuny ýitirmän saklaýar. Bu bolsa deňiz jandarlaryna we guşlara zyýan ýetirip bilýär. Dünýä ummanlarynda käbirinde suwuň akymy netijesinde plastmassa zyňyndylarynyň toplanýan ýerleri hem bar. Şeýle-de bolsa plastmassa galyndylarynyň 70 göteriminiň nirä gidýändigi belli däl. Ýaponiýanyň we Tailandiýanyň hünärmenleri plastmassa bölekleriniň merjenleriň bedeninde toplanýandygyny anykladylar. Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, plastmassa bölejikleri merjenleriň üç böleginde – nemli gatlagynda, dokumalarynda hem-de skeletlerinde duş gelipdir. Şeýlelikde plastmassalaryň nirä ýitirim bolýandygy baradaky täze maglumat tapyldy. Bu bolsa, merjenleriň mikroplastikleri özlerine siňdirýändigini aňladýar. Bu açyşyň mikroplastigiň merjen gaýalaryna edýän täsirini seljermek üçin alnyp barylýan gözleg işleriniň netijesinde ýüze çykaryldy. Alymlar topary bu barlagy Taýland aýlagyndaky Si Çan adasynyň kenaryna gönükdirdiler. Bu sebit ownuk rif gaýalary bilen meşhurdyr we antropologik gözlegleriň geçirilýän ýerleriniň biridir. Hünärmenler bu maglumaty subut etmek üçin jemi dört görnüşe degişli bolan 27 sany merjen nusgasyny ýygnadylar. Bu nusgalarda 174 sany mikroplastik bölejik bolup, olaryň köpüsiniň ululygy 101-200 mikrometr töweregi. Merjenlerde ýüze çykarylan mikroplastikleriň 38%-i nemli gatlagynda, 25%-i dokumalarynda we 37%-i skeletinde saklanýan eken.
Bu açyşlar agaçlaryň howadaky kömürturşy gazyny we zyýanly bölejikleri siňdirişi ýaly, merjenleriň hem plastik galyndylaryny ýygnap biljekdigini görkezýär.
Ogulşat Şadyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.