Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatyndan we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ilata ýokary hilli bejeriş, maslahat beriş we anyklaýyş kömegini bermekde uly işler alnyp barylýar. Şolaryň netijesinde, ýurdumyzyň derman senagatynyň kuwwatyny has-da ösdürmek maksady bilen täze döwrebap önümçilikler gurulýar. Şolaryň biri hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çäginde gurlan buýan kökünden ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanadyr.
Ýakynda ulanylmaga berlen kärhanada Italiýanyň «Adipson» kompaniýasy tarapyndan gurnalan kämil enjamlar arkaly buýan köki täzeden işlenilip, ýokary hilli glisirrizin turşusy öndürilýär. Kärhana bir ýylyň dowamynda 4 müň 500 tonna buýan köküni işlemäge we 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürmäge ukyply.
Buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusy derman senagatynda giňden ulanylýar, onuň biologik täsiri güýçli hasap edilýär. Şeýle-de azyk önümlerine goşulýan bu önüm sagdyn ösüşe, bedende alyş-çalşyň kadaly geçmegini üpjün etmäge ýardam edýär. Glisirrizin turşusy buýanyň kökünde jemlenip, iýmit süýjediji hem-de dermanlyk serişde hökmünde giňden ulanylýar. Bu önüm halk lukmançylygynda hem giňden ulanylypdyr. Aziýa ýurtlarynda, Hytaýda we Ýaponiýada bu önüme aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm boldy. Azyk önümlerine goşulan glisirrizin turşuly serişdeler bedendäki alyş-çalşy gowulandyrýar. Turşynyň ulanylmagy diňe bir önümleriň iýmit we tagam görkezijilerini gowulandyrmaga däl, eýsem, olaryň tebigy tagamyny we hoşboý ysyny saklamaga hem mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde glisirrizin turşusynyň esasynda allergiýa, sowuklama, bronh demgysmasyna, süýjüli başa (ekzema) we wiruslara garşy ulanylýan dermanlaryň 350 görnüşi taýýarlanylýar. Türkmen buýany çöl howasy we ýerli topragyň häsiýetli aýratynlygy netijesinde köp peýdaly maddalary özünde jemleýändigi üçin örän peýdaly hasaplanýar.
Meýlis AKMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.