Ýer ýüzünde giňden ýaýran üýtgeşik ösümlikleriň birnäçe görnüşi mälimdir. Hyýar hemme adam üçin tanyş bolan, köpçülik üçin azyklyk maksadynda peýdalanylýan bakja ekini. Hyýaryň hem bir-birinden biologik we botaniki taýdan tapawutlanýan görnüşleri bar.
Gyzyl hyýar (latynça, “Thladiantha dubia”) ylymda “Şübheli tladianta” ady bilen tanalýan kädiler maşgalasyna degişli bolan ösümlik. Ýer ýüzünde onçakly meşhurlyga eýe bolmasa-da, ösdürilip ýetişdirilýän sebitlerinde gymmatly ekindir. Bu ösümlik köplenç bagbanlar tarapyndan bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär. Gyzyl hyýaryň gelip çykan merkezi Hytaýyň demirgazyk-gündogar sebitleri we Uzak Gündogaryň günorta ýerleri hasaplanylýar.
Köpýyllyk bezeg ösümligi hökmünde ekilýän gyzyl hyýaryň suw aýtymlarynyň kenarýaka çemenliklerinde, gyrymsy ösümlikleriň arasynda, deňiz kenarlarynda çägäniň ýumşak ýerlerinde, haşal ösümlik hökmünde baglarda we ekin meýdanlarynda duş gelýän ýabany görnüşi hem bar.
Gyzyl hyýaryň baldaklary ýumşak tüýjagazlardan örtülip, boýy 5 metre ýetýär. Direg bolan ýerlerde aňsatlyk bilen murtjagazlarynyň kömegi arkaly ýokary tarap dyrmaşýar we giň meýdana ýaýraýar. Ýapraklary ýürek şekilli bolup, açyk ýaşyl reňklidir. Bu ösümligiň gülleme döwri uzak dowam edýär. Tutuş tomsuň dowamynda, hatda ir güýze çenli gülleýär. Gyzyl hyýaryň erkek jynsynyň gülleri açyk sary reňkli we çigildeme meňzeýän yza eplenen gül ýapraklary bolýar. Gülleriniň diametri ortaça 2-3 santimetr töweregidir. Gülleri gül toplumyna çotga görnüşinde ýygnanandyr. Enelik gülleri ýönekeý, tekiz görnüşli, reňkleri onçakly bir açyk däl we ýekeleýin ösýär. Miweleri görnüş we ölçeg taýdan kiçijik hyýary ýada salýar. Bişip ýetişýän döwründe ýaşyl reňkden mämişi-gyzyl reňke geçýär. Miweleriniň üstünde mazaly bildirip duran zolaklar bolýar. Miwäniň içinde etlek bölegi gyzylymtyl reňklidir. Bir miwede 40-dan 100-e çenli gaty gabykly gara reňkli tohumlary bolýar. Miwesiniň süýjümtik tagamy bar. Ýerasty bölegi klubenlerden düzülen uly göwrümli tor bolup, klubenleriň uzynlygy 8 santimetr, diametri 2 santimetr töweregidir. Tozanlanmanyň güýçli bolan döwründe ösümlik gowy hasyl berýär.
Bu ösümlik şol bir ýerde 10 we ondan köp ýyl ösüp ýetişmäge ukyply. Tozanlanma hadysasy ýerli ýabany arylar arkaly bolup geçýär.
Gyzyl hyýaryň miwesi adatça konserw önümlerini taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Miwesiniň düzüminde adam bedeninde ýüze çykýan dürli hili keselleri bejermekde we olaryň öňüni almakda gerekli mineral maddalaryň birnäçesi saklanýar.
Häzirki döwürde Ýewropa ýurtlarynda, ABŞ we Kanada döwletlerinde hem bu ösümligi ösdürip ýetişdirmek giň gerime eýe bolup başlady.
Ogulmaral TAHYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň Ekologiýa kafedrasynyň mugallymy.