ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň işgärleri fiziki işjeňligiň ýüregi juwanlaşdyrýandygyny we ýürek ýetmezçiliginiň güýjemek howpuny pese düşürýändigini aýdýarlar. Ýüregiň çeýeligi heniz barka, 65 ýaşa çenli türgenleşmäge girişseň, maksadalaýyk bolar. Mundan ozalky barlaglar türgenleşigi hepdede 4-5 gezek berjaý etmelidigini görkezdi.
Täze barlagyň gatnaşyjylaryny iki topara böldüler. Birinji topar iki ýylyň dowamynda hünärmenleriň gözegçiliginde fiziki maşklary berjaý edipdir, ikinji topar bolsa, ýoga bilen meşgullanypdyr we deňagramlyk duýgusyny özünde türgenleşdiripdir. Meýletinçiler hepdede 4-5 gezek çen bilen, 30 minut türgenleşipdirler.
Iki ýyldan soň, birinji toparyň gatnaşyjylarynda fiziki işjeňlik wagty kislorodyň maksimal sarp edilişi ýokarlanypdyr. Mundan başga-da, bu meýletinçileriň ýüreginiň çep garynjygynyň miokardynyň (muskul diwary) çeýeligi 25 göterimden gowrak artypdyr. Alymlaryň pikirine görä, otura durmuş ýörelgesi ýüregiň çep garynjygynyň miokardynyň çeýeligini ýitirmegine we ýürek ýetmezçiligine alyp barýar.