Pompeide baryp görmek üçin birbada üç bina ilkinji gezek açylyp, ulanmaga berildi. Mundan bu ýana jahankeşdeler üçin “Larariýanyň gülleýän öýi” (Casa del Larario Fiorito) elýeterli bolup, onda diwara çekilen suratlar, mifologik freskalar, ýaşaýyş-durmuş närseleri oňat saklanyp galypdyr. Bu ýerdäki ajaýyp altar – buthananyň çokunylýan bölegi ýaňadandan dikeldildi.
Suratkeş abatlaýjylaryň tagallasy bilen “Açyk asmanyň astyndaky Trikliniý” (Casa del Triclinio all’aperto) ikinji ömrüne eýe boldy. Onda bäş sany uly bolmadyk jaý, surat ussahanasy we tomusky naharhana ýerleşýär. Arheologlar bu ýeriň golaýdaky amfiteatra gelýänler üçin niýetlenen çaýhana bolandygyny çak edýärler. Ahyrky, üçünji binada (Domus e Botteghe) senetçilik ussahanasy ýerleşipdir. Bu ýerde pompei ussalarynyň önümleri satylýan söwda dükanlary bolupdyr. Abatlaýyş işleri Ýewropa gaznasynyň hasabyna maliýeleşdirilýän “Uly Pompei” taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.