Dil bi­rek-bi­rek bi­len öza­ra ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gyň esa­sy se­riş­de­si bo­lup, söz­le­ýiş we ýa­zuw ar­ka­ly ýü­ze çyk­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 7 müň tö­we­re­gi dil bo­lup, şo­la­ryň 90 gö­te­rim­den gow­ra­gyn­da 100 mü­ňe go­laý adam gep­leş­ýär.
Dün­ýä ila­ty­nyň ýa­ry­sy 23 di­liň haý­sy hem bol­sa bi­rin­de gep­le­ýär. Dün­ýä ila­ty­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy bir­den köp dil bil­ýär. Şu­mer di­li mi­la­dy­dan öň­ki 3500-nji ýyl­la­ra de­giş­li iň ga­dy­my ýa­zuw di­li­dir, on­dan soň­ra mü­sür we hy­taý dil­le­ri gel­ýär. Pa­pua Tä­ze Gwi­ne­ýa dün­ýä­de iň köp dil­li ýurt ha­sap­lan­ýar. Ýurt­da 841 dil ula­ny­lyp, ola­ryň kä­bi­ri­ne az san­ly adam dü­şün­ýär. Pa­pua di­li­niň ýa­zu­wyn­da 11 harp ula­ny­lyp, iň ki­çi elip­biý­li dil ha­sap­lan­ýar. Man­da­rin­çe ene dil hök­mün­de iň köp gep­le­şil­ýän dil ha­sap­lan­ýar. 1,3 mil­liard­dan gow­rak ila­ty bo­lan Hy­ta­ýyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň 70 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy bu dil­de gep­le­ýär. Iň köp öw­re­nil­ýän dil iň­lis di­li bo­lup, dün­ýä ila­ty­nyň kö­pü­si ony ikin­ji dil hök­mün­de bil­ýär. Dün­ýä­niň iň uzyn elip­bi­ýi bo­lan kam­bo­ja di­lin­de 73 harp bar. «Elip­biý» arap di­li­niň il­kin­ji harp­la­ryn­dan eme­le ge­len söz­dür. Bu ma­ny­da­ky söz Ýew­ro­pa dil­le­ri­niň kö­pü­sin­de grek di­li­niň il­kin­ji harp­la­ry bo­lan «al­fa» we «be­ta»-nyň go­şu­lyp ýa­zyl­ma­gy bi­len «Alp­ha­bet » gör­nü­şin­de dö­räp­dir. Dür­li yl­my we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ryň köp­dü­gi se­bäp­li iň­lis di­li in­ter­net­de ula­nyl­ýan iň meş­hur dil­dir. Dil­le­riň kö­pü­sin­de gyz­la­ryň, aýallaryň we er­kek­le­riň lek­si­ka­sy bar bol­sa, ne­mes di­lin­de og­lan­la­ryň lek­si­ka­sy hem bar.
Arap, iň­lis, rus, hy­taý, fran­suz we is­pan dil­le­ri bol­sa Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň res­mi dil­le­ri­dir. Ýur­du­myz­da dün­ýä dil­le­ri­niň ara­syn­da esa­sy orun tut­ýan da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mä­ge äh­mi­ýet be­ril­ýär. Da­şa­ry ýurt di­li­ne eýe bol­mak halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­me­gi­ne, ýaş­la­ryň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ru­hu­na ýa­kyn­laş­ma­gy­na, dün­ýä tej­ri­be­le­ri bi­len ta­nyş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Dün­ýä­de rus di­li­ni ene di­li hök­mün­de ulan­ýan­la­ryň sa­ny 164 mil­li­on tö­we­re­gi­dir. Bu di­li ikin­ji dil hök­mün­de ulan­ýan­la­ryň sa­ny bol­sa 110 mil­li­on­dan geç­ýär. Rus di­li Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň döw­let di­li, Be­la­ru­suň iki döw­let di­li­niň bi­ri­dir, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň we kä­bir beý­le­ki ýurt­la­ryň res­mi dil­le­ri­niň ha­ta­ryn­da­dyr. Şeý­le hem Ýew­ra­zi­ýa­da, Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da hal­ka­ra ara­gat­na­şy­gyň esa­sy di­li­dir. 2022-nji ýyl­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, rus di­li­niň ýaý­ra­mak de­re­je­si 8-nji or­ny eýe­le­ýär. Bu ugur­da iň­lis di­li (1,5 mil­liard), man­da­rin di­li (1,1 mil­liard), hin­di di­li (602,2 mil­li­on), is­pan di­li (548,3 mil­li­on), fran­suz di­li (274,1 mil­li­on), arap di­li (274 mil­li­on) we ben­gal di­li (272,7 mil­li­on) öň­de­li­gi eýe­le­ýär.

Rus­tam BAÝ­RAM­GEL­DI­ÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.