13 — 15-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.
Halkara kinofestiwalyň açylyş we ýapylyş, baýraklaryň gowşurylyş dabaralaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar. «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.
Bu barada 1-njıi noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.