23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.

Mas­la­hat köş­gün­de baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Mej­li­se gat­na­şy­jy­lar türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowy ör tu­rup, şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar.
Soň­ra Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, il­ki bi­len, ola­ry we ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­ny jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da­ky mö­hüm wa­ka – ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de berk jan sag­lyk, aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş, mer­da­na türk­men hal­ky­my­za gül­läp ösüş we bag­ty­ýar­lyk ar­zuw et­di. Milli Liderimiz Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­nyň giň­den bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly däp­le­ri­ne eýe­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da biz ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­ny – be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­ny aý­ra­tyn buý­sanç bi­len gar­şy­la­ýa­rys. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ab­raý­ly hem-de kuw­wat­ly döw­let­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di» di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri bel­le­di.
Da­ba­ra­ly pur­sat ge­lip ýet­di. Türkmen hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan et­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­na de­giş­li wa­jyp so­rag­la­ryň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny hem-de mö­hüm çöz­güt­le­riň ka­bul edil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri ýyg­na­nan­la­ryň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da we do­ly ma­kul­la­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­niň tas­syk­la­ny­lan­dy­gy­ny yg­lan et­di.
«Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy go­rap sak­la­mak we ber­kit­mek bi­ziň be­ýik mak­sa­dy­myz­dyr. Ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty bu be­ýik mak­sat üçin, döw­le­ti­miz, hal­ky­myz, Ga­raş­syz­ly­gy­myz hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz üçin ak ýü­rek­den gul­luk ed­ýär. Bu ugur­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty adam­la­ry be­lent mak­sat­la­ryň da­şyn­da bir­leş­di­rip, öňe alyp git­mek­de uly güýç bo­lup çy­kyş ed­ýär!» di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy.
«Hä­zir­ki wagt­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni düýp­li öz­gert­mek, se­bit­le­ri­mi­ziň yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni taý­dan ösü­şi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­ly we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar» di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri nyg­ta­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, «Türk­me­nis­tan – Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy» stra­te­gik mas­la­hat be­riş ge­ňe­şi­niň dö­re­dil­me­gi, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň esas­lan­dy­ryl­ma­gy buý­san­dy­ry­jy wa­ka­lar­dyr. Şeý­le hem umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na da­ýan­ýan «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly fi­lo­so­fi­ýa­myz dün­ýä­niň sy­ýa­sy gi­ňiş­li­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
«Men bu­la­ryň äh­li­si­ni bi­ziň Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, dost­luk we yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry­my­za dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan ber­len iň uly ba­ha, ýo­ka­ry ynam di­ýip ha­sap ed­ýä­rin» di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy aýt­dy.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler, il­kin­ji no­bat­da, döw­let­li­li­gi­mi­ziň bin­ýa­dy bo­lan be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan göz­baş al­ýar. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­niň se­na­gat we ulag-lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­mek üçin uly iş­le­re ba­dal­ga be­ril­di. Bu dö­wür­de mil­li ma­ýa go­ýum stra­te­gi­ýa­sy ne­ti­je­li ama­la aşy­ry­lyp, Türk­me­nis­tan­da döw­re­bap tä­ze pu­dak­lar hem-de se­na­gat kär­ha­na­la­ry dö­re­dil­di.
«Bu ugur­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da iri se­na­gat des­ga­la­ry ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da mö­hüm or­na eýe­dir. Bu se­na­gat des­ga­la­ry­nyň äh­li­si ahyr­ky ne­ti­je­de ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär. Ahal­da­ky gaz­dan ben­zin ön­dür­ýän za­wod, «Ma­ry­kar­ba­mid», «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wod­la­ry, «Bal­kan», «Le­bap» we «Bä­her­den» se­ment za­wod­la­ry, «Türk­men­de­mi­rö­nüm­le­ri» döw­let kär­ha­na­sy, «Türk­men aý­na önüm­le­ri» kär­ha­na­sy öz önüm­le­ri bi­len ýur­du­my­zyň se­na­gat­laş­ma stra­te­gi­ýa­sy­na we im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­ge ägirt uly go­şant goş­ýar» di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň gur­lu­şy düýp­li öz­ger­di. Ýur­duň oba­se­na­gat pu­da­gy­ny ös­dür­mek bi­len pag­ta we gal­la ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de mö­hüm bo­lup dur­ýar.
Ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty hem ýo­ka­ry dep­gin­de ös­dü­ril­ýär. Tä­ze gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­la­ry gur­lup, Gün, ýel stan­si­ýa­la­ry ýa­ly in­no­wa­si­on tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Gel­je­gi uly we çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän pu­dak­la­ryň ýe­ne bi­ri hi­mi­ýa se­na­ga­ty­dyr. Ýur­duň te­bi­gy baý­lyk­la­ry mi­ne­ral dö­kün­le­riň äh­li gör­nü­şi­ni ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ry ýo­ka­ry hil­li mi­ne­ral dö­kün­le­ri, teh­ni­ki ýo­dy, sul­fat­dyr beý­le­ki hi­mi­ki önüm­le­ri ön­dür­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­ky­şy­ny do­wam edip, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň hem yzy­gi­der­li ös­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Tä­ze-tä­ze ne­bit­li-gaz­ly ýa­tak­lar açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ne­bit­gaz önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän tä­ze kuw­wat­lyk­lar gur­lup, hal­ka­ra tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
«Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy» ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga, ne­bi­tiň we ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­ny art­dyr­ma­ga, hal­ka­ra ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ry­na ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni hem-de ugur­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len stra­te­gi­ýa­dyr.
«Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iri tas­la­ma­la­ryň bi­ri hem Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­dyr. Bu trans­mil­li tas­la­ma ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de mö­hüm ädim­dir hem-de tu­tuş se­bi­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­ne we do­gan­lyk halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir» di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, 2008-nji ýyl­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si ge­çen 18 ýy­lyň için­de 30 mü­ňe go­laý ag­za­ny özün­de jem­le­ýän iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­sy­na öw­rül­di. Bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan gur­lan 1500-den gow­rak se­na­gat ugur­ly önüm­çi­lik he­re­ket ed­ýär. Olar plas­tik, me­tal önüm­le­ri, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny, dür­li hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni, ha­ly önüm­le­ri­ni, elekt­ro­en­jam­la­ry, öý ha­ryt­la­ry­ny, me­bel­le­ri we azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän köp san­ly ki­çi we or­ta za­wod­la­ry öz içi­ne al­ýar.
Ýur­du­my­zyň se­na­gat dü­zü­min­de tä­ze ugur­lar hem açyl­ýar. Şo­la­ryň bi­ri-de elektron se­na­ga­ty­dyr. Elekt­ron se­na­ga­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa et­mek we im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­myz­da giň­den ös­dü­ril­ýän tä­ze we in­no­wa­si­on pu­dak­dyr.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi pu­da­gy hem uly ösü­şe eýe bol­ýar. Ýur­du­myz­da döw­re­bap se­na­gat kär­ha­na­la­ry yzy­gi­der­li gu­rul­ýar, bar bo­lan­la­ry­nyň dur­ky tä­ze­len­ýär. Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi pu­da­gy ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li gur­lu­şyk­la­ry ze­rur bo­lan gur­lu­şyk önüm­le­ri we beý­le­ki se­riş­de­ler bi­len üp­jün ed­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz çy­ky­şy­ny do­wam edip, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler­de ýaş­la­ry­my­zyň hyz­ma­ty­nyň örän ulu­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li şä­her­le­rin­de, oba­la­ryn­da hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap bi­lim eda­ra­la­ry gu­rul­ýar.
«Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň mil­li bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň mil­li ins­ti­tu­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­ma­ly we bu ugur­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­li. Şeý­le hem ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hü­när­li pe­da­go­gik iş­gär­le­riň dur­nuk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mu­gal­lym­la­ra bo­lan is­le­giň bäş ýyl­lyk çak­la­ma­sy­ny taý­ýar­la­ma­ga mö­hüm äh­mi­ýet ber­me­li. Ne­ti­je­de, pe­da­go­gik ugur­ly bi­lim eda­ra­la­ry­nyň uçu­rym­la­ry or­ta mek­dep­ler­de we ça­ga­lar bag­la­ryn­da öz alan bi­li­mi we ba­şar­nyk­la­ry bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge my­na­syp go­şan­dy­ny go­şar­lar» di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan kons­ti­tu­si­on esas­da her bir ada­myň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýän döw­let­dir. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň il­kin­ji ýyl­la­ryn­dan baş­lap, dur­muş sy­ýa­sa­ty, öňi bi­len, zäh­me­ti gol­da­ma­ga we go­ra­ga mä­täç ra­ýat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir. Köp ça­ga­ly maş­ga­la­la­ra, hos­sar­syz ça­ga­la­ra, we­te­ran­la­ry­my­za giň­den gol­daw be­ril­ýär. Her bir ra­ýa­tyň my­na­syp dur­muş şert­le­rin­de ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len bu sy­ýa­sat jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy hem dur­muş taý­dan dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len «Türk­me­nis­tan­da yl­my-luk­man­çy­lyk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň 2026 – 2052-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa­sy» mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek üçin tä­ze göz­ýe­tim­le­ri aç­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri gel­jek­de hem mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň işi­ni ös­dür­me­giň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
«Ahal­te­ke be­de­wi – bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz­dyr. «Atym bar – ga­na­tym bar», «At agy­nan ýer­de toý bo­lar», «At – döw­let­li­lik», «At rys­ga­ly al­nyn­da» diý­li­şi ýa­ly, hal­ky­myz äh­li ha­ýyr iş­le­ri be­dew bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar. Gö­zel­li­giň we kä­mil­li­giň nus­ga­sy hök­mün­de yk­rar edi­len ahal­te­ke be­de­wi Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ok­gun­ly ösüş­le­ri­niň baş ny­şa­ny­na öw­rül­di. «As­man at­la­ry», «Nu­saý at­la­ry», «ga­nat­ly be­dew­ler» diý­lip, dün­ýä ýü­zün­de meş­hur bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär» di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di.
«Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gyn­da ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len at­ly sport we gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň dün­ýä çem­pio­na­ty bol­sa ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny we şan-şöh­ra­ty­ny art­dyr­mak­da aý­ra­tyn mö­hüm wa­ka bol­dy. Ýe­ne-de san­ly­ja gün­ler­den bol­sa mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­nyň toý­lan­ýan gün­le­rin­de biz Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 1200 orun­lyk Ahal­te­ke at­çy­lyk top­lu­my­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyp ulan­ma­ga be­re­ris. Bu zat­la­ryň äh­li­si «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da dün­ýä­de uly meş­hur­lyk ga­za­nan be­hiş­di ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gö­ter­di» di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri nyg­ta­dy.
«Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­rin­de Gün elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň sy­nag tas­la­ma­sy ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da­ky tej­ri­bä­mi­zi gel­jek­de ýur­du­my­zyň beý­le­ki şä­her­le­rin­de, şol san­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de hem giň­den ula­na­rys. Hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bi­len bir­lik­de, azyk, se­na­gat önüm­le­ri­ni, der­man we luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek üçin kär­ha­na­lar hem gu­rul­ýar. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy 2027-nji ýy­lyň şan­ly wa­ka­sy­na öw­rü­ler. Biz bu to­ýa hä­zir­den go­wy taý­ýar­lyk gör­me­li­di­ris. Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­ny dö­re­dip, anyk me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da yzy­gi­der­li iş­le­ri alyp bar­ma­ly­dy­rys» di­ýip, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bel­le­di.
Wa­ta­na bo­lan söý­gi mu­kad­des­dir. Wa­ta­ny­ňy ja­nyň­dan eziz gör­mek, onuň her da­ban ýe­ri­ni gö­züň gö­re­ji ýa­ly aýap sak­la­mak her bir yn­sa­nyň mu­kad­des bor­ju­dyr. Is­len­dik yn­sa­nyň kal­by­nyň tö­rün­de Wa­ta­na bo­lan be­lent we mu­kad­des söý­gi bol­ma­ly­dyr. Bi­ziň eziz Wa­ta­ny­myz – bag­ty­ýar­ly­gyň we döw­let­li­li­giň me­ka­ny­dyr. Bu ga­dy­my hem mu­kad­des top­rak­da pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan ag­zy­bir­lik bar, ha­lal­lyk bar.
«Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam we onuň aba­dan­çy­ly­gy­dyr. Ra­ýat­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar we eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek bi­ziň baş mak­sa­dy­myz­dyr. Bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi we je­bis­li­gi bi­ziň güýç­li döw­le­ti­mi­ziň sars­maz sü­tü­ni­dir. Bi­ziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry­myz hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen tag­ly­ma­ty hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Biz gel­jek­de hem alyp bar­ýan bu sy­ýa­sa­ty­my­zy üs­tün­lik­li do­wam et­di­re­ris» di­ýip, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri aýt­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz öz çy­ky­şy­ny ta­mam­la­mak bi­len, mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra hem-de mäh­ri­ban hal­ky­my­za berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş ar­zuw et­di.
We­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ryn­dan ge­lip gow­şan tek­lip­le­re la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň pre­zi­diu­my saý­la­nyl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ola­ryň öz ýer­le­ri­ne geç­mek­le­ri­ni ha­ýyş ed­ýär.
Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň mej­li­si­niň gün ter­ti­bi­ne hödürle­nen so­rag­lar bo­ýun­ça çy­kyş et­jek adam­la­ra söz be­ril­di.
Çy­kyş­lar ta­mam­la­nan­dan soň­ra Milli Liderimiz mej­li­se gat­na­şan­la­ra ýüz­le­nip, şu gün­ki ta­ry­hy mej­lis­de döw­let we sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­myz­da­ky örän mö­hüm so­rag­la­ryň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny, olar bo­ýun­ça çy­kyş­la­ryň diň­le­ni­len­di­gi­ni, mej­lis­de çy­kyş eden­le­riň äh­li­si­niň öňe sür­len baş­lan­gyç­la­ry gol­dan­dyk­la­ry­ny aýt­dy hem-de çy­kyş eden­le­re we ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gat­na­şan­la­ra min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Soň­ra Halk Mas­la­ha­ty­nyň mejlisi hormatly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da öz işi­ni do­wam et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne – Mas­la­hat köş­gü­ne gel­di. Bu ýer­de du­tar­çy­lar to­pa­ry­nyň çy­ky­şy ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy Gah­ry­man Arkadagymyz mä­hir­li gar­şy­la­dy.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Garaşsyz, Bi­ta­rap döw­le­ti­miz­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­ri be­ýan et­mek üçin Arkadagly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za söz ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň giň­den we da­ba­ra­ly ýag­daý­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ry we mäh­ri­ban hal­ky­my­zy mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we hem­me­le­re berk jan sag­ly­gy­ny, bag­ty­ýar dur­mu­şy, alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam edip, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» diý­lip at­lan­dy­ry­lan 2026-njy ýy­lyň eziz Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
«Ka­bul eden mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Biz şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ge­çir­mek bi­len, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri kes­git­lä­ris. Bu we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, mö­hüm äh­mi­ýet­li res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ede­ris» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türkmenistanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi kä­mil­leş­dir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny ber­kit­mek we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iri tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ra­ýat­la­ry­my­zyň döw­re­bap şert­ler­de ýa­şa­ma­gy, zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin dur­muş amat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän tä­ze, döw­re­bap oba­lar, şä­her­çe­ler hem-de şä­her­ler gu­rul­ýar. Te­le­ke­çi­lik işi­ni ös­dür­mek we kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da karz, sal­gyt we nyrh gu­ral­la­ry ne­ti­je­li ut­gaş­dy­ry­lyp, yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ma­ga uly orun be­ril­ýär. Bank ul­ga­my­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, mil­li tö­leg ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça öz­gert­me­ler do­wam et­di­ril­ýär.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da önüm­çi­li­giň yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösüş dep­gi­ni bel­le­nen de­re­je­de sak­lan­ýar. Şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýur­du­my­zyň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösüş dep­gi­ni­niň 6,3 gö­te­rim de­re­je­sin­de bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ýur­du­my­zyň ma­li­ýe ba­za­ry­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. «Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ba­za­ry­ny 2030-njy ýy­la çen­li ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge hem uly üns be­ril­ýär.
«Tä­ze kär­ha­na­la­ry gur­ma­gyň we bar bo­lan­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­me­giň ha­sa­by­na ýur­du­myz bo­ýun­ça şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li tä­ze dö­re­di­len iş orun­la­ry­nyň sa­ny 5 müň 300-e go­laý bo­lar. Biz «Türk­me­nis­ta­nyň zäh­met ba­za­ry­ny 2030-njy ýy­la çen­li ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da ila­ty­my­zyň iş üp­jün­çi­li­gi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi do­wam ede­ris» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Bi­ziň alyp bar­ýan ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­myz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi dep­gin­li ös­dür­me­giň mö­hüm şer­ti­dir. Ýur­du­myz­da ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny yzy­gi­der­li ber­kid­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, «Türk­me­nis­ta­ny 2026-njy ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy» esa­syn­da ýur­du­my­zy ös­dür­mek üçin şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li 41 mil­liard 200 mil­li­on ma­nat­dan gow­rak möç­ber­de düýp­li ma­ýa go­ýum­lar öz­leş­di­ri­ler. Bu bol­sa tä­ze önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­ma­ga hem-de döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga şert dö­red­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri gel­jek ýyl hem üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin «Türk­me­nis­ta­ny 2027-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­ny» iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.
«Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýo­ka­ry dep­gin­li ösü­şi ýur­du­my­zyň býu­jet gir­de­ji­le­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýyl ýur­du­my­zyň baş ma­li­ýe me­ýil­na­ma­syn­dan bi­li­mi, sag­ly­gy go­raý­şy, me­de­ni­ýe­ti ös­dür­mä­ge, önüm­çi­lik we dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na köp möç­ber­de se­riş­de­ler gö­nük­di­ril­di. Bu se­riş­de­ler­den önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na ma­ýa go­ýum­la­ryň umu­my möç­be­ri­niň 68,5 gö­te­ri­mi, me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy üçin hem 31,5 gö­te­ri­mi goý­be­ril­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti öz­gert­mek, in­no­wa­si­on ösü­şi ga­zan­mak, şeý­le hem hu­su­sy pu­da­gyň pa­ýy­ny gi­ňelt­mek ar­ka­ly býu­je­tiň gir­de­ji­le­ri art­dy­ryl­dy. Gel­jek­de hem ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy we se­na­gat taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi do­wam ede­ris. Bu dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa­my­zyň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ne­bit­gaz top­lu­my­nyň işi­ni dün­ýä­niň soň­ky ga­za­nan­la­ry esa­syn­da döw­re­bap­laş­dyr­mak mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni ga­zyp al­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek we eks­port et­mek, tä­ze ýa­tak­la­ry öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek iş­le­ri mak­sat­na­ma­la­ýyn al­nyp ba­ryl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan – Ow­ga­nys­tan – Pa­kis­tan – Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly bi­len Ser­he­ta­bat – Hy­rat gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da tä­ze des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam et­di­ril­ýär. Şeý­le hem Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Dün­ýä­de iri gaz ýa­tak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni tap­gyr­la­ýyn esas­da öz­leş­dir­mek iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da in­no­wa­si­on önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, gur­lu­şyk we se­na­gat top­lu­my­nyň işi yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, se­na­gat we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy giň ge­rim bi­len al­nyp ba­ryl­ýar, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry pu­da­gyn­da dür­li gör­nüş­li önüm­le­ri ön­dür­me­giň möç­ber­le­ri hem-de gör­nüş­le­ri yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar.
«Şu ýyl Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Köý­ten­dag et­ra­byn­da gur­lu­şyk ga­ryn­dy­la­ry­ny hem-de gip­so­kar­ton önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän döw­re­bap kär­ha­na­ny işe gi­ri­zip, gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň bin­ýa­dy­ny has-da ber­ki­de­ris. Hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça hem ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň iş­gär­le­ri üçin Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň Guw­ly­ma­ýak şä­her­çe­sin­de ýa­şa­ýyş jaý­lar we bi­na­lar top­lu­my­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyp ulan­ma­ga be­re­ris» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da kar­ba­mid ön­dür­ýän top­lu­myň, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň dü­zü­min­de mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän top­lu­myň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ga­raş­syz­lyk et­ra­byn­da azot­ly dö­kün­le­ri ön­dür­ýän tä­ze döw­re­bap top­lu­my, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň «Bal­ka­na­bat» ýod za­wo­dyn­da teh­ni­ki ýod we brom hem-de teh­ni­ki ug­le­rod ön­dür­ýän tä­ze önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny, «Guw­ly­duz» kär­ha­na­syn­da dür­li gör­nüş­li duz­la­ry ön­dür­ýän önüm­ha­na­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
«Da­şa­ry ýurt­la­ra elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny yg­ty­bar­ly iber­mek, içer­ki sarp edi­ji­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bök­denç­siz üp­jün et­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da döw­re­bap kö­pu­gur­ly Gün we ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dy­rar. Hä­zir­ki wagt­da Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­by­nyň çä­gin­de ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we ola­ryň dün­ýä stan­dart­la­ry­na ga­bat gel­me­gi üçin pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Döw­let äh­mi­ýet­li aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça hem ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl umu­my uzyn­ly­gy 600 ki­lo­metr bo­lan Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry – Türk­me­na­bat bö­le­gi açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da Türk­men­ba­şy – Ga­ra­bo­gaz – Ga­za­gys­tan ser­he­di aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar.
«Şeý­le hem şu ýyl biz mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan Aş­ga­bat – Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek işi­ne ba­dal­ga ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýä­ris. Umu­man, Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler ýur­du­my­zy öň­de­ba­ry­jy se­na­gat we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik mer­ke­zi­ne öwür­me­gi mak­sat edin­ýär» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan kuw­wat­ly se­na­gat döw­le­ti­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň ösen se­na­ga­ty yk­dy­sa­dy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün ed­ýär. Ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de do­wam et­mek mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­ta­ny se­na­gat taý­dan ös­dür­me­giň 2030 – 2045-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa­sy­nyň» ka­bul edil­me­gi döw­rüň ta­la­by bo­lup dur­ýar.
«Bi­ziň alyp bar­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­my­zyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­ny, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len, ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji gur­lan «akyl­ly» şä­her – Ar­ka­dag şä­he­ri aba­dan hem bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň gör­ke­zi­ji­si bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ry al­nyp ba­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, biz gel­jek­de hem «akyl­ly» şä­her­le­ri dö­ret­mek ug­run­da ne­ti­je­li iş alyp ba­ra­rys» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän ýyl­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­byn­da 4 müň 500 ho­ja­ly­ga ni­ýet­le­nen tä­ze, döw­re­bap şä­her­çä­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Şu ýyl Aş­ga­bat şä­he­rin­de tä­ze, döw­re­bap ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­ler, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­jek döw­re­bap oba­da hem bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ma­gy üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mek, gaý­ta­dan iş­le­ýän ýe­ňil se­na­ga­ty çig mal bi­len üp­jün et­mek we önüm­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di.
Şu ýyl Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da kuw­wat­ly­ly­gy 60 müň ton­na se­na­gat pag­ta çi­gi­di­ni gaý­ta­dan iş­le­mä­ge we ösüm­lik ýa­gy­ny ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen döw­re­bap kär­ha­na­nyň düý­bü­ni tut­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň çäk­le­rin­de pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry ta­ra­pyn­dan eke­ran­çy­lyk, mal­dar­çy­lyk we to­hum­çy­lyk ba­bat­da düýp­li yl­my-bar­lag­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Şu ýyl gal­la­çy daý­han­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 400 müň ton­na­dan gow­rak bug­daý ha­sy­ly tab­şy­ryl­dy. Bu zäh­met üs­tün­li­gi ýur­du­my­zyň zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ry­nyň Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň şan­ly 35 ýyl­lyk to­ýu­na my­na­syp sow­ga­dy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Wa­tan öňün­dä­ki şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren us­sat gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zy ga­za­nan ne­ti­je­le­ri bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ýyl pag­ta­çy daý­han­la­ry­my­zyň tu­tan­ýer­li zäh­me­ti bi­len Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 250 müň ton­na «ak al­ty­nyň» tab­şy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýü­pek­çi­lik pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­ler hem ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl 2 müň 100 ton­na­dan gow­rak pi­le ön­dü­ril­di. Mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk pu­da­gy hem ös­dü­ril­ýär. Ga­ra mal­la­ryň, do­war­la­ryň, guş­la­ryň, dü­ýe­le­riň baş sa­ny yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar.
«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni we at­çy­lyk sun­ga­ty­ny hal­ka­ra de­re­je­de giň­den be­ýan et­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da we dün­ýä döw­let­le­rin­de giň ge­rim­li hal­ka­ra çä­re­ler ge­çi­ril­di.
«Ahal­te­ke be­dew­le­ri­mi­ziň baş sa­ny­ny art­dyr­mak we ola­ryň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak iş­le­ri­ni do­wam et­mek mak­sa­dy bi­len, ahal­te­ke be­dew at­la­ry­nyň döw­let go­ra­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň ka­bul edil­me­gi bu ugur­da­ky alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam be­rer» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň öň­de­ba­ry­jy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri hem söw­da top­lu­my­dyr. Ýur­du­myz­da ha­ryt­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi we ba­ha­la­ryň dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün edi­lip, söw­da­nyň hi­li yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Ba­zar­la­ry öz ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len oba ho­ja­lyk, azyk we beý­le­ki sarp ediş ha­ryt­la­ry bi­len bo­le­lin üp­jün et­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
«Ýur­du­myz­da we dün­ýä döw­let­le­rin­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­ler, mas­la­hat­lar, işe­wür­lik du­şu­şyk­la­ry söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Biz 2027-nji ýyl­da Ser­bi­ýa Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ril­jek «EKS­PO – 2027» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne mil­li ser­gi­miz bi­len gat­na­şa­rys» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dok­ma se­na­ga­ty­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça-da mö­hüm iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, ýo­ka­ry hil­li dok­ma önüm­le­ri­ni ön­dür­mek bi­len, hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän eks­port önüm­çi­li­gi gi­ňel­dil­ýär. Hal­ky­my­zyň meş­hur ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu aja­ýyp sun­ga­ty dün­ýä ýaý­mak, yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek üçin ze­rur iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň ne­ti­je­sin­de hu­su­sy pu­da­gyň or­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar­lar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek­de hem ki­çi, or­ta we iri te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­me­giň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam edip, ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­myn­da hem giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň kuw­wat­ly ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my ýur­du­myz we se­bi­tiň döw­let­le­ri üçin ägirt uly yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Ýur­du­myz­da ulag ul­ga­my­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, üs­ta­şyr we hal­ka­ra ýük gat­naw­la­ry­ny has-da gi­ňelt­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. «Eme­li aň» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra tej­ri­be­si­ni öw­re­nip, san­ly hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
«Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyp, mil­li de­ňiz söw­da flo­ty yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. Şu ýyl «Bal­kan» gä­mi gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dyn­da gur­lan «Ga­dam­ly» at­ly gu­ry ýük gä­mi­si­niň il­kin­ji hal­ka­ra ýü­zü­şi­ne ak pa­ta be­ril­di. Biz ýur­du­myz­da ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my­na de­giş­li önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak, mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek iş­le­ri­ni mun­dan beý­läk hem do­wam et­di­re­ris» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da mil­li bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça hem mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da ýaş ne­sil­ler üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da ge­çen okuw sa­pa­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn bel­le­di. Hormatly Arkadagymyz ýaş­la­ry­my­za öz gym­mat­ly öwüt-ne­si­hat­la­ry­ny ber­di. Bir­nä­çe tek­lip­le­ri­ni, ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2031-nji ýy­la çen­li Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» ka­bul edil­me­gi­niň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­na berk ynam bil­dir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Gahryman Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da, ýur­du­myz­da mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, şeý­le hem luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni, hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ar­ka­ly pu­da­gyň işi has-da kä­mil­leş­di­ril­ýär. Dün­ýä meş­hur luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we ola­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
«Şu ýyl Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­lap, Aş­ga­bat şä­he­rin­de Hal­ka­ra pe­di­at­ri­ýa mer­ke­zi­ni, Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­ni, Sto­ma­to­lo­gi­ýa mer­ke­zi­ni, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Bä­her­den et­ra­byn­da bol­sa «Arç­man» şy­pa­ha­na­sy­nyň goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­ny da­ba­ra­ly ýag­daý­da açyp ulan­ma­ga be­re­ris» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bel­le­di.
Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat şä­her kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň, paý­tag­ty­my­zyň Büz­me­ýin et­ra­byn­da sag­lyk öýü­niň, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Te­jen şä­he­rin­de et­ra­ba­ra kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň, Da­şo­guz şä­he­rin­de Enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Ýa­kyn wagt­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da 50 sa­ny oba sag­lyk öý­le­ri­niň we oba sag­lyk mer­kez­le­ri­niň düý­bi tu­tu­lar. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Ma­ry, Bal­kan we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da hal­ka­ra de­re­je­li on­ko­lo­gi­ýa mer­kez­le­ri­ni, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da In­çe­ke­sel has­sa­ha­na­sy­ny, Ma­ry şä­he­rin­de we­la­ýat kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­ny, Gy­zy­lar­bat, Kö­ne­ür­genç, Ker­ki, Ýo­lö­ten et­rap­la­ryn­da et­ra­ba­ra kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­la­ry gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ka­da­sy­ny eme­le ge­tir­mek, köp­çü­lik­le­ýin spor­ty has-da ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Sag­dyn be­den­li ne­sil­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge, ýaş­la­ryň ah­lak we dur­muş taý­dan ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gel­jek­de hem tür­gen­le­ri­mi­ziň hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­jak­dyk­la­ry­na, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, us­sat­ly­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­jek­dik­le­ri­ne berk ynam bil­dir­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, me­de­ni­ýet ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça hem giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ra­ýat­la­ry­my­zyň me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, Aş­ga­bat şä­he­rin­de 4 müň orun­lyk kö­pu­gur­ly me­de­ni mer­ke­ziň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da dür­li me­de­ni çä­re­ler, da­şa­ry ýurt­la­ryň Me­de­ni­ýet gün­le­ri, hal­ka­ra aý­dym-saz we teatr fes­ti­wal­la­ry, ede­bi mi­ra­sy­my­za ba­gyş­la­nan yl­my mas­la­hat­lar, fo­rum­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Bal­kan we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ril­di. Gel­jek ýyl bol­sa Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da ge­çi­ri­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam edip, Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä döw­let­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýan­dy­gy­ny, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we dur­nuk­ly ösüş ba­bat­da hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň özi da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Şu ýyl Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösüş işi­ni gol­da­mak­da hem-de ber­kit­mek­de bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň or­ny we äh­mi­ýe­ti» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­my­zyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýän ta­ry­hy wa­ka öw­rül­di. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «2028-nji ýyl – Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­dä­ki at-ab­ra­ýy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek gör­kez­di.
«Şu ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň we beý­le­ki hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy, şeý­le hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ri­ler. Bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek, döw­let­le­riň ara­syn­da yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek ug­run­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rü­ler» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Bi­ta­rap­lyk türk­men hal­ky­nyň be­ýik gym­mat­ly­gy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň öz Bi­ta­rap­ly­gy bi­len hal­ka­ra we se­bit ýag­daý­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len çöz­mä­ge uly go­şant go­şan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň şu mej­li­sin­de «Hal­ka­ra hu­ku­gy we Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy» mil­li Kon­sep­si­ýa­sy­ny ka­bul et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­di we bu res­mi­na­ma­nyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­lan döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki or­nu­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne berk ynam bil­dir­di.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz çy­ky­şy­ny do­wam edip, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň Mej­li­si­niň işi­niň hem giň­den ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni, mil­li ka­nun­çy­ly­gy­my­zyň hal­ka­ra hu­ku­gyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.
«Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň Mej­li­si ra­ýat­la­ryň ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bag­ly ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek hem-de hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­riň hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak ze­rur­dyr. Şeý­le hem tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ka­bul et­me­gi hem-de ka­nun­la­ry yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­rip dur­ma­gy döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri di­ýip ha­sap ed­ýä­rin» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
«Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler bi­ziň her bi­ri­miz­de ha­ky­ky wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny, mil­li buý­san­jy dö­red­ýär. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­mak, Wa­ta­ny­my­zy, hal­ky­my­zy söý­mek hem-de gu­wan­mak bi­ziň her bi­ri­mi­ziň bor­ju­myz­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, Ga­raş­syz­ly­gy­myz we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz, bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­myz üçin örän tu­tan­ýer­li­lik bi­len zäh­met çek­me­li­di­ris. Öň­de goý­lan tä­ze we­zi­pe­le­ri hem-de be­lent mak­sat­la­ry ag­zy­bir­lik­de ama­la aşyr­ma­ly­dy­rys» di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­la­ry we mäh­ri­ban hal­ky­my­zy eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy we hem­me­le­re berk jan sag­ly­gy­ny, aba­dan hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­za ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw et­di.
«Goý, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­dä­ki at-ab­ra­ýy mun­dan beý­läk-de be­lent bol­sun! Ýa­şa­syn Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!» di­ýen şy­gar­lar bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow çy­ky­şy­ny jem­le­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­le­ti­mi­ziň we Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­ni be­ýan eden­di­gi­ni aýt­dy hem-de eden çy­ky­şy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza min­net­dar­lyk bil­dir­di. Soň­ra Gahryman Arkadagymyz şu gün Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan Per­man­dyr Ka­rar­la­ryň iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy­ny aýt­dy.
«Ula hor­mat, ki­çä sy­lag» diý­li­şi ýa­ly, il­ki bi­len, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­zy we ene­le­ri­mi­zi sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky, zäh­met­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­la­nan ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­ny Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li döw­let sy­lag­la­ry bi­len sy­lag­la­mak ha­kyn­da­ky Per­man­lar, şeý­le hem hal­ky­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­läp geç­me­gi we oňat dynç al­ma­gy üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, de­giş­li Per­man iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy.
Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy we öza­ra dü­şü­niş­me­gi go­rap sak­la­ma­ga hem-de ber­kit­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ugur­da hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­ny yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Hal­ka­ra hu­ku­gy we Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly mil­li kon­sep­si­ýa iş­le­nip taý­ýar­lan­dy.
Şeý­le hem aras­sa gan­ly ahal­te­ke be­dew at­la­ry­nyň ge­no­fon­du­ny go­rap sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­tan­da ahal­te­ke be­dew at­la­ry­nyň döw­let go­ra­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy, ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny gel­jek­de hem do­wam et­dir­mek mak­sa­dy bi­len, «Türk­me­nis­tan­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2031-nji ýy­la çen­li Döw­let mak­sat­na­ma­sy» iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Al­nyp ba­ryl­ýan bu iş­le­ri mun­dan beý­läk-de do­wam et­mek mak­sa­dy bi­len «Türk­me­nis­ta­ny se­na­gat taý­dan ös­dür­me­giň 2030 – 2045-nji ýyl­lar üçin Mil­li stra­te­gi­ýa­sy» iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimizden bu res­mi­na­ma­la­ra gol çek­me­gi ha­ýyş et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra gol çek­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça er­tir sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­la­ry­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Soň­ra ara­kes­me yg­lan edil­di. Ara­kes­me­de Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da toý sa­da­ka­sy be­ril­di.
Ara­kes­me­den soň­ra, mej­lis öz işi­ni do­wam et­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Per­man­la­ry esa­syn­da sy­lag­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na baş­la­ma­gy, Halk Mas­la­ha­tyn­da däp bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­za we ene­le­ri­mi­ze my­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry gow­şur­ma­gy tek­lip et­di hem-de mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ryň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za her we­la­ýat­dan, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­den «Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy» di­ýen ada we «Ze­nan kal­by» or­de­ni­ne my­na­syp bo­lan adam­la­ra sy­lag­la­ry gow­şur­mak ha­ýy­şy bi­len ýüz­len­di.
Per­man­la­ry oka­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa söz be­ril­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow «Türk­me­nis­ta­nyň Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy» di­ýen ada my­na­syp bo­lan ýa­şu­lu­la­ra hem-de «Ze­nan kal­by» or­de­ni­ne my­na­syp bo­lan­la­ra sy­lag­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­dy.
Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz jem­leý­ji söz bi­len çy­kyş et­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mej­li­se gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip: «Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de si­ziň bi­len örän mö­hüm so­rag­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­dyk. Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da gel­jek­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri kes­git­le­dik. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ry ka­bul et­dik» di­ýip bel­le­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len so­rag­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga gat­na­şan­dyk­la­ry üçin hem­me­le­re min­net­dar­lyk bil­di­rip, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de mäh­ri­ban hal­ky­my­za, mej­li­se gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş, ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ýa­pyk di­ýip yg­lan et­di.