Ki­no dün­ýä­si­niň iň uly sy­la­gy ha­sap­lan­ýan Os­kar baý­rak­la­ry­nyň da­laş­gär­le­ri mä­lim edil­di. Je­mi 24 ugur bo­ýun­ça da­laş­gär­le­ri akt­ýor hem-de re­žiss­ýor En­di Ser­kis bi­len akt­ri­sa Tif­fa­ni Had­diş yg­lan et­di. 90-njy Os­kar baý­rak­la­ry­nda iň köp da­laş­gär­lige hö­dür­lenen ki­no Gil­ler­mo del To­ro­nyň “Su­wuň şe­ki­li” fil­mi bol­dy. Ol 13 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zi­lip, bu ba­bat­da hem-de “Ewa ha­kyn­da hem­me zat”, “Ti­ta­nik” we “La La Lend” film­le­ri­niň re­kor­dy­na go­laý­laş­dy (14). “Dýun­kerk” 8, “Eb­bing-Mis­su­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki üç bill­bord” 7 ugur­dan da­laş­gär gör­ke­zil­di. Baş baý­rak bo­lan iň go­wy film Os­ka­ry ug­run­da 9 ki­no da­laş­gär­li­ge hö­dür­len­di. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, baş baý­rak ug­run­da “Su­wuň şe­ki­li” hem-de “Eb­bing-Mis­su­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki üç bill­bord” ki­no­la­ry bir ädim öň­de bar­ýar.
Os­kar baý­rak­la­ry­nyň ýu­bi­leý sa­ny bo­lan 90-njy gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy Los An­je­les­dä­ki “Dol­by” te­at­ryn­da 4-nji few­ral­dan 5-nji few­ra­la ge­çil­ýän gi­je Aş­ga­bat wag­ty bi­len 04:00-da baş­la­nar. Da­ba­ra­ny bel­li ko­me­di­ýa­çy Jim­mi Kim­mel alyp ba­rar.

“Dün­ýä­­niň äh­li pul­la­ry” (All the Mo­ney in the World) ki­no­syn­da­ky keş­bi üçin ikin­ji plan­da­ky iň go­wy akt­ýor baý­ra­gy­na da­laş­gär gör­ke­zi­len 88 ýaşly Kris­to­fer Plam­mer Os­ka­ra da­laş­gär bo­lan iň ýa­şu­ly ar­tist diý­lip, ha­sa­ba alyn­dy.
“Dýun­kerk” fil­mi­ni su­ra­ta dü­şü­ren Kris­to­fer No­lan il­kin­ji ge­zek iň go­wy re­žiss­ýor ug­run­da da­laş­gär gör­ke­zil­di.
“Mad­baund fer­ma­sy” (Mud­bound) fil­mi­niň ope­ra­to­ry Reý­çel Mor­ri­son iň go­wy ope­ra­tor ug­run­da da­laş­gär gör­ke­zi­len il­kin­ji ze­nan­dyr.
Kompozitor Jon Williams 52-nji gezek Oskaryň dalaşgärligine hödürlendi. Ol bu ugurda Wolt Disneýden soň 2-nji ýerde barýar.
“Leý­di Börd” (La­dy Bird) fil­mi üçin iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy­na da­laş­gär­li­ge hö­dür­le­nen Gre­ta Ger­wig bu sa­na­wa ady­ny ýaz­dy­ran 5-nji ze­nan hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.
“Lo­gan” (Lo­gan) iň go­wy sse­na­riý ug­ry bo­ýun­ça da­laş­gär gör­ke­zi­len il­kin­ji hy­ýa­ly gah­ry­man­çy­lyk­ly ki­no bol­dy.
3 ge­zek Os­kar baý­ra­gy­nyň eýe­si, ta­ny­mal akt­ri­sa Me­ril Strip (“Giz­lin res­mi­na­ma­lar”, The Post) 21-nji ge­zek da­laş­gär gör­ke­zi­lip, bu ugur­da­ky öz re­kor­dy­ny has-da ös­dür­di.
“Ro­man Iz­ra­el, Esk.” (Ro­man J. Is­ra­el, Esq.) fil­min­dä­ki keş­bi üçin Den­zel Wa­şing­ton 8-nji, “Hy­ýa­ly ýüp­lük” fil­mi­ni su­ra­ta dü­şü­ren re­žiss­ýor Pol To­mas An­der­son 5-nji ge­zek Os­ka­ryň hy­ry­da­ry bol­dy.
Da­şa­ry ýurt di­lin­dä­ki iň go­wy film ug­run­da “Al­tyn glo­busy” alan ger­ma­ni­ýa­ly re­žiss­ýor Fa­tih Aky­nyň “Sars­gyn” (Aus dem Nichts) fil­mi Os­ka­ra da­laş­gär gör­ke­zil­me­di.