1-njı noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer şu ýylyň 27-nji noýabrynda paýtagtymyzda ýurdumyz bilen «VISA» amerikan kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek meselesi barada habar berdi. Onuň gün tertibine bu kompaniýa bilen strategik hyzmatdaşlygy hem-de halkara töleg ulgamynyň täze tehnologiýalaryny we innowasiýalary özleşdirmek bilen bagly meseleler giriziler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda halkara guramalar we daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, tejribe alyşmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda Türkmenistan bilen bu kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumyny geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.