Parižde meşhur fransuz aktrisasy Brižit Bardonyň şahsy goşlarynyň söwdasy boldy. Aktrisanyň Sen-Tropedäki we Pariždäki öýleriniň 285 sany goşy auksionyň guramaçylaryna, takmynan, 1 million ýewro girdeji getirdi. Bu görkeziji ilkinji baha berişden, takmynan, 20 esse köp boldy. Başlangyçda harytlaryň umumy bahasy 50 müň ýewro töweregi çaklanylypdy.
Söwdada iň gymmat lotlaryň hataryna 9,4 müň ýewro satylan iki sany it boýunýüpi girip, olary russiýaly alyjy satyn aldy. Mundan başga-da, awtoportret 40 müň ýewro, ýazgy maşyny 4,6 müň ýewro, iki sany gitara bolsa degişlilikde, 8,6 müň we 1,9 müň ýewro satyldy. Satylan zatlaryň arasynda egin-eşikler, aksesuarlar, mebeller we saz gurallary hem bardy.
Auksiondan dörän serişdeler Bardonyň esaslandyran Haýwanlary goramak gaznasyna hem-de onuň ogly Nikola Žak Şarýe berler. Bardo gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Gisleýn Kalmels bu çäräniň aktrisanyň özüniň 1987-nji ýylda gaznany döretmek üçin amala aşyran satuwynyň dowamydygyny belledi.
Şunuň bilen birlikde, aktrisanyň adamsy Bernar d’Ormal auksiony ýazgaryp, muny aktrisanyň ýadygärligine hormatsyzlyk hökmünde baha berdi. Ol AFP agentligine beren interwýusunda zatlaryň miras hökmünde saklanylmalydygyny mälim etdi.
Bardo 2025-nji ýylyň dekabr aýynda 91 ýaşynda aradan çykdy.
PDF








