Gyş pas­ly­nyň go­laý­la­ma­gy bi­len ho­wa so­wap baş­la­ýar. Gün­ler gys­ga­lyp, gi­je­ler uzal­ýar. Adam­lar ho­wa şer­ti­ne gö­rä geý­nip, so­wuk­dan we ys­sy­dan go­ra­nyp bil­ýär­ler. Em­ma jan­ly-jan­dar­lar tu­tuş ýy­ly şol bir be­den ör­tü­gin­de ge­çir­ýär­ler. Ýag­ny guş­lar şol bir ýe­lek ör­tü­gi bi­len ýaz pas­ly­ny hem, gyş pas­ly­ny hem ge­çir­ýär. Eý­sem, «egin­ba­şy­ny» ça­lyş­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bol­ma­dyk jan­ly-jan­dar­lar gy­şy­na üşe­me­ýär­mi? Olar so­wuk ho­wa nä­dip döz gel­ýär­ler?
As­lyn­da, äh­li jan­da­ra-da ho­wa­nyň ýy­ly­ly­gy­nyň üýt­ge­me­gi öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. My­sal üçin, it­ler 40 de­re­je so­wuk­da buz­da taý­ýan ara­ba­ny çek­ýän bol­sa­lar, ba­lyk­lar bu­zuň aşa­gyn­da ýa­şa­ýar­lar. Eý­sem, bu jan­dar­lar so­wuk ho­wa nä­dip uý­gun­laş­ýar­lar? Ola­ry ho­wa­nyň üýt­ge­me­gin­den go­ra­ýan esa­sy iki se­bäp bar. Bi­rin­ji­si, ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä, ola­ryň be­de­ni­niň gyz­gyn­ly­gy üýt­ge­ýär, ikin­ji­si bol­sa, ola­ryň kä­bir­le­ri­niň tü­ýi gy­şy­na ös­ýär, ýa­zy­na bol­sa dü­şüp tä­ze­len­ýär. Şeý­le­lik­de, haý­wan­lar öz-özü­ni so­wuk­dan we ys­sy­dan go­ra­ýar­lar.
Şeý­le hem her bir jan­dar öz ýa­şa­ýan ýe­ri­niň şer­ti­ne gö­rä ýa­ra­dyl­ýar. My­sal üçin, has so­wuk ýer­ler­de ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň be­de­ni ys­sy ho­wa­ly ýer­ler­dä­ki­den on es­se köp ýy­ly­lyk ön­dür­ýär, tü­ýi ös­gün we de­ri­si has ga­lyň bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, so­wuk ýer­de ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň de­ri­si­niň as­tyn­da­ky ýag gat­la­gy ola­ry so­wuk­dan go­ra­ýar. Bu jan­dar­la­ryň da­mar­la­ry hem de­ri­si­ne go­laý bo­lup, be­de­nin­de yzy­gi­der­li aý­lan­ýan gan ar­ka­ly ýy­ly­lyk sak­lan­ýar. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bu­zuň aşa­gyn­da ýa­şa­ýan ba­lyk­la­ryň «üşe­me­ýän­dik­le­ri­niň» se­bä­bi anyk­lan­dy. Gör­lüp otu­ryl­sa, ba­lyk­la­ryň de­ri­sin­de buz kris­tal­la­ry­nyň doň­mak de­re­je­si­ni pe­seld­ýän pro­te­in bar eken. An­tark­ti­ka­nyň esa­sy «ýa­şaý­jy­la­ry» bo­lan ping­win­ler bol­sa, aşa so­wuk möw­süm­de bir ýe­re üý­şüp, bi­ri-bi­ri­ni so­wuk­dan go­ra­ýar­lar. Bu guş­lar bel­li ter­tip­de ha­ta­ra dü­zü­lip, sü­ri­niň gy­ra­syn­da du­ran­lar or­ta­da­ky­lar bi­len ýer­le­ri­ni yzy­gi­der­li çal­şyp dur­ýar. Şeý­le­lik­de, gy­ra­da ga­lyp üşän guş­lar or­ta gi­rip ýy­lyn­ýar.