Kino sungatynda baýrak gowşurylyş möwsümi ýokary depginde dowam edýär. Hindi kino sungatynyň esasy sylaglaryndan bolan “Filmfare” baýraklarynyň bu ýylky gowşurylyş dabarasy Mumbaýda geçirilip, ony Şahruh Han bilen Karan Johar alyp bardy. Dabarada iň gowy film diýlip, “Hindi mekdebi” (Hindi Medium) kinosy saýlandy. Irrfan Hanyň baş keşpde çykyş eden bu kinosy “Päk söýgi” (Toilet: Ek Prem Katha), “Super ýyldyzyň syry” (Secret Superstar), “Bareliniň süýji tagamy” (Bareilly Ki Barfi), “Badrinatyň gelni” (Badrinath Ki Dulhania) ýaly filmlerden tapawutlandy. Irrfan Han (“Hindi mekdebi”) iň gowy aktýor hem-de “Ine-de, siziň Suluňyz” (Tumhari Sulu) kinosynda baş keşbi janlandyran Widýa Balan iň gowy aktrisa diýlip saýlandy. Widýa Balan iň gowy aktrisa sylagyny 4-nji gezek, umumylykda-da 6-njy sapar “Filmfare” baýragyny gazandy. Şol sanda Irffan Hanam 4-nji ýola “Filmfare” heýkeljigi bilen sylaglandy. Iň gowy režissýor baýragy “Bareliniň süýji tagamy” filmini surata düşüren zenan režissýor Aşwini Aýer Tiwarä berildi. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa baýraklaryna-da Rajkummar Rao (“Bareliniň süýji tagamy”) bilen Meher Wije (“Super ýyldyzyň syry”) laýyk görüldi.
63-nji “Filmfare” baýraklarynda iň köp ugurdan (ikisem 10 ugurdan) dalaşgär görkezilen “Aňtawçy Jagga” (Jagga Jasoon) hem-de “Super ýyldyzyň syry” filmleri degişlilikde, 4 we 3 baýrak gazandy. Şeýle-de “Ganždaky ölüm” (A Death in the Gunj), “Duzaga düşürilen” (Trapped), “Bareliniň süýji tagamy” filmleri-de dürli ugurlarda 3 “Filmfare” baýragyny eýeledi. “Filmfare” baýragynyň çäklerinde kino bilermenleri “Nýuton” (Newton) atly ekran eserini iň gowy film, “Super ýyldyzyň syry” kinosyndaky keşbi üçin Zaira Wasimi iň gowy aktrisa hem-de “Duzaga düşürilen” filminiň artisti Rajkummar Raony iň gowy aktýor diýip saýlady.