Dünýäniň iri banklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary berkeýär. Golaýda Hytaýda döredilen Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlar banky bilen Aziýanyň Ösüş bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekildi. Bu barada Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlar bankynyň ýaýradan maglumatynda bellenip geçilýär.
Maliýe edaralaryna käbir iri taslamalary bilelikde amala aşyrmaga mümkinçilik berýän resminamanyň gol çekişlik dabarasy Frankfurtda geçirildi. Aziýanyň Ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlar bankynyň ýolbaşçysy Li Lisyun bilen Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehito Nakao bu resminama gol çekdi.
Mundan beýläk, bu iki bank bilelikdäki taslamalary amala aşyrar. Käbir taslamalara maliýe kömegini berer. Munuň ilkinji mysalyny Pakistanyň amala aşyrýan taslamasynda görmek bolar. Bu ýurduň Penjab welaýatyndaky 64 kilometr uzynlykdaky gara ýoluň gurluşygy iki bankyň maliýe kömegi bilen durmuşa geçiriler. Şeýle hem maliýe edaralary energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak babatda bilelikde iş alyp barar.
Aziýanyň infrastruktura maýa goýumlar banky 2015-nji ýylyň 29-njy iýunynda 57 döwletiň gatnaşmagynda döredildi. Ol infrastruktura taslamalaryna maliýe kömegini bermek üçin döredildi. Onuň ilkinji kapitaly 100 milliard dollara barabardyr. Bankyň dolandyryjylar geňeşinde Hytaýyň, Hindistanyň we Russiýanyň artykmaçlygy bar.
Aziýanyň Ösüş banky 1966-njy ýylda döredildi. Ol Aziýa we Ýuwaş ummany sebitindäki ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, sebit hyzmatdaşlygynyň berkemegine, durnukly ösüşiň gazanylmagyna goşant goşmak üçin döredilip, onuň agzalarynyň sany 67 döwletden ybaratdyr. 2014-nji ýylda bankyň maliýe kömeginiň möçberi 22,9 milliard dollara golaýlady.