Şu ýy­lyň 23–24-nji ma­ýyn­da Tür­ki­ýä­niň Stam­bul şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Hal­ka­ra yn­san­per­wer­lik sam­mi­ti­ne 45 döw­le­tiň ýol­baş­çy­sy­nyň gat­naş­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň yn­san­per­wer­lik me­se­le­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Sti­wen O’Bra­ýen ha­bar­çy­la­ra be­ren be­ýa­na­tyn­da mä­lim et­di.
Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän bu sam­mi­te 80 döw­let­den ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­ýe­tiň gat­naş­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Şol döw­let­le­riň 45-isi ýur­duň ýol­baş­çy­sy ta­ra­pyn­dan we­kil­çi­lik ed­ýär. Umu­man, bu ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mas­la­ha­ta 6 mü­ňe go­laý we­ki­liň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, Stam­bul­da­ky mas­la­hat mun­dan ozal­ky­lar­dan ta­pa­wut­ly bo­lar. Bu ýer­de döw­let­ler­den ma­li­ýe kö­me­gi­ni ýyg­na­mak göz öňün­de tu­tul­ma­ýar. Dün­ýä döw­let­le­ri­niň ün­sü­ni gu­ma­ni­tar me­se­le­le­ri­ne çek­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
BMG-niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de 60 mil­lio­na go­laý bos­gun bar. Şeý­le hem soň­ky ýyl­lar­da 218 mil­li­on­dan gow­rak adam her ýyl bo­lup geç­ýän te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­lar­dan ejir çek­ýär.