Gyş möwsüminde zyýanly mikroorganizmlere garşy göreşde biziň iň esasy kömekçimiz, bedeniň garşy durup bilijilik ukyby – immunitet bolup durýar. Üsgülewük, dümew, ýokary gyzgynlyk – bular bedeniň goranyş ulgamynyň mikroblara garşy durup bilmeýänliginiň ilkinji alamatlarydyr. Emma öz iýmitiňizi akylly-başly düzüp başarsaňyz, nähoşlan halatyňyzda ony ýeňil geçirersiňiz. Munuň üçin şu 5 iýmit önümine üns bermegiňiz ýeterlik bolar.
1Sarymsak – allisiniň, tiosulfatlaryň çeşmesi bolup, bedeni infeksiýalardan netijeli goraýan kuwwatly önümdir. Şeýle hem sarymsak iýmek biziň gorag ulgamymyz üçin ähmiýeti uly bolan peýdaly bakteriýalaryň ösüşini ep-esli ýokarlandyrýar.
2Balyk we deňiz önümleri. Balyk we beýleki deňiz önümleri immuniteti ep-esli derejede berkitmäge, güýji we energiýany gaýtadan dikeltmäge ýardam berip, sinkiň ýeterlik mukdaryna we doýgun bolmadyk ýag kislotalaryna baýdyr. Şeýle hem bu önümler akyl zähmetini tizleşdirýär.
3Süýt-gatyk önümleri. Siziň iýmit sanawyňyzda süýt-gatyk önümleri hökman bolmalydyr. Her günde süýt we gatyk içiň sebäbi bularyň ählisi özünde gorag ulgamyny berkitmekde ägirt uly rol oýnaýan güýçli lakto we bifido bakteriýalaryny saklaýar.
4Bal. Bal gadym zamanlardan bäri iň peýdaly önümleriň biri hasaplanyp gelýär. Ol düzüminde C witaminini we marganesi, şeýle hem mineral duzlar bilen örän gowy utgaşýan we tiz siňýän witaminleri saklaýar.
5Sitrus miweleri. Olar C witaminine we antioksidantlara baýdyr. Apelsin, limon we beýlekiler ýaly sitrus miweleri siziň gündelik iýmitiňizde hökman bolmalydyr.
Taýýarlan Nurjahan Meredowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.