Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Ekologiýa şertlerine, pudagyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmaga, mawy ýangyjyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara we işläp taýýarlamalara daýanýan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm bölegidir. Ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmakda, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nebitgaz senagatyna uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistan soňky ýyllarda sebitiň öňdebaryjy energetika döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli taslamalaryň yzygiderli işe girizilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilip, abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar. Bu energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde-de möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda mawy ýangyjyň baý gorlaryny özünde jemleýän sebitde iň iri «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi dowam edýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynda sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine, goňşy döwletleriň we sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady gurşawyň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilen iri taslamalara badalga berildi. Hususan-da, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy.
Nebitgaz senagatynda geologiýa-gözleg işleri, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça täze taslamalar bilen bir hatarda, pes uglerodly energetika ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde häzirki wagtda wodoroda — geljegiň ýangyjyna uly ähmiýet berilýär. Energetika tehnologiýalarynyň düzümlerine innowasiýalaryň girizilmegi netijesinde, wodorod energetikasy täze bazarlary özleşdirmäge girişilýär.
Energetika pudagyndaky möhüm meseleleri çözmek üçin ukyply hünärmenler zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, mejlislerde nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hem görnetin ösüşler gazanylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň ösdürilýär.
Bagtygül RAHIMOWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Nurýagdy OTUZOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.