Sin­ga­pur­da ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä bi­na­gär­lik ser­gi­si­niň çäk­le­rin­de «Ýy­lyň bi­na­sy» saý­lan­dy. Emin ag­za­la­ry şeý­le de­re­jä Awst­ra­li­ýa­da­ky baş­lan­gyç synp mek­de­bi­niň bi­na­sy­ny my­na­syp gö­rüp­dir­ler. Baý­rak şu ýyl 17-nji ge­zek be­ril­di. Mek­de­biň bi­na­sy dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de gur­lan köp gat­ly be­ýik bi­na­lar, mu­zeý­ler, ga­le­re­ýa­lar ýa­ly 220-den gow­rak des­ga­dan öňe saý­la­nyp­dyr. Sid­neý se­bi­tin­dä­ki Dar­ling­ton ştat mek­de­bi ge­çen ýyl açy­lyp­dyr. Bi­na tä­sin üçe­gi bi­len ün­si özü­ne çek­ýär. Ker­piç­den gur­lan bi­na­nyň how­lu­syn­da bas­ket­bol meý­dan­ça­sy bo­lup, mek­de­biň ýa­na­şyk ýer­le­ri okuw­çy­la­ryň aras­sa ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek­le­ri üçin ýö­ri­te di­zaýn edi­lip­dir. Bu ýer­de gur­lan sa­ýa­wan­lar ça­ga­la­ry ýi­ti Gün şöh­le­sin­den go­ra­ýar. Mek­de­biň içi ýer­li hal­ka mah­sus bo­lan sun­gat eser­le­ri bi­len be­ze­lip­dir. Şeý­le hem, how­lu­da se­bit­de bit­ýän ösüm­lik­ler otur­dy­lyp­dyr.
Baý­rak sport, ulag, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ýa­şa­ýyş jaý ýa­ly je­mi 18 ugur­dan be­ril­ýär. «Ýy­lyň bi­na­sy» bol­sa, şo­la­ryň ýe­ňi­ji­le­ri­niň ara­syn­dan saý­lan­ýar. Emin ag­za­la­ry şu ýyl yz­ly-yzy­na ikin­ji ge­zek baş baý­ra­ga okuw bi­na­sy­ny my­na­syp gör­dü­ler. Ge­çen ýyl Hy­taý­daky bir mek­de­biň bi­na­sy baş baý­ra­gy alyp­dy.

Ene­ma­ýa HA­ÝY­DO­WA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.