Geçen ýyl dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hindistan ykdysady taýdan hem ösýär. Halkara pul gaznasy bu ýurduň 2024-nji ýylda 7, geljek ýyl 6,5 göterim ösjekdigini çaklaýar. Ýaponiýanyň ykdysady ösüşi bolsa, üstümizdäki ýylda 0,3 göterim, 2025-nji ýylda 1,1 göterim ýokarlanar. Bu ösüş dowam eden ýagdaýynda jemi içerki önümi babatda Hindistan ýakyn geljekde Ýaponiýadan öňe geçip, dünýäde dördünji bolar. Ýaponiýa bolsa, bäşinji orna düşer.
Halkara pul gaznasy bu üýtgeşikligiň geljek ýyl, «S&P Global Ratings» bolsa, 2030-njy ýylda boljakdygyny çaklaýar. Ýaponiýa 2010-njy ýyla çenli jemi içerki önüm babatda dünýäde ABŞ-dan soňra ikinji ýerde durýardy. Şol ýyl Hytaý bu ýurtdan öňe saýlandy. Soňra bolsa Germaniýa jemi içerki önümi babatda Ýaponiýadan öňe geçdi.
Näzik KERIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.