Hytaýyň COMAC kompaniýasy has uly göwrümli «C929» uçaryny öndürer. 280-400 orunlyk bu uçaryň ilkinji müşderisiniň «Air China» awiakompaniýasy bolandygy mälim edildi. «C929» atly howa gämisi 12 müň kilometre çenli ýangyç üçin düşlemezden ýol geçip biler. Bu barada Çžuhaý şäherinde geçirilen awiasiýa sergisinde mälim edildi. «C929» uçary «Airbus» hem-de «Boeing» uçarlarynyň iki koridorly modelleri bilen bäsleşer, ýagny «Boeing 787 Dreamliner» uçaryna meňzeş bolar. «Air China»-nyň näçe uçar sargyt edendigi mälim edilmedi.
Kompaniýa häzirki wagtda «C919» atly orta aralyga gatnamaga niýetlenen uçarlary öndürýär. Bu ýolagçy uçarlar geçen ýyldan bäri ýurduň içerki gatnawlarynda peýdalanylýar.
Ýazgeldi TÄÇMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.