Ýaponiýa ýarymgeçiriji önümçiligine 65 milliard dollarlyk goldaw berer. Çip önümçiligini artdyrmak maksady bilen berilýän bu goldaw dürli ýeňilliklerden we maliýe goldawyndan ybarat bolar. Taslamanyň çäklerinde emeli aň çipleriniň önümçiliginiň hem artdyrylmagy meýilleşdirilýär. Bu taslama 10 ýylyň dowamynda 50 trillion ýen (325 milliard amerikan dollary) maýa goýmaga sebäp bolar. Netijede, onuň ykdysadyýete täsiri 160 trillion ýen bolar.
Ýaponiýa daşary ýurtlardan getirilýän çipleriň möçberini azaldyp, halkara bazardaky ýapon önümleriniň ornuny berkitmegi maksat edinýär.
Maýa ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.