Süý­jü­lik tor­ty is­len­dik baý­ram­çy­ly­gyň, da­ba­ra­la­ryň we iň esa­sy hem dog­lan gün­le­riň meş­hur ta­gam­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Hat­da bu süý­ji ta­ga­ma dog­lan gü­nüň ny­şa­ny diý­sek hem bo­lar. Çün­ki dog­lan gün­le­riň äh­li­si hem süý­jü­lik tor­ty bol­maz­dan geç­me­ýär. Dog­lan gün bel­le­nen­de tort kes­mez­den öň, üs­tü­ne ýa­şyň bi­len bag­ly şem­ler go­ýul­ýar. Şem­ler ýa­ky­lan­dan soň bol­sa, ar­zuw­lar edi­lip, üf­läp öçü­ril­ýär. Eý­sem, süý­jü­lik tor­tu­nyň üs­tün­de şem ýak­mak dä­bi ni­re­den göz­baş al­ýar? Nä­me üçin dog­lan gün­ler­de şem ýa­kyl­ýar?
Dog­lan gün­de şem bi­len be­ze­len tort kes­mek dä­bi Ger­ma­ni­ýa­dan göz­baş al­ýar. «Kin­der­fest» ady bi­len meş­hur bo­lan bu dä­be gö­rä, hos­sar­la­ry ça­ga­la­ryň dog­lan gün­le­ri­ne üs­tün­de şem goý­lan tort sow­gat edip­dir­ler. Bu däp bo­ýun­ça şem ýa­ky­lan­dan soň, öýüň çy­ra­sy öçü­ri­lip­dir we ça­ga­jyk go­wy ar­zuw­lar edip şe­mi üf­läp­dir. Olar şe­miň yşy­gy­na «dur­mu­şyň çy­ra­sy» di­ýip dü­şü­nip, ar­zuw­la­ry­na has çalt go­wuş­jak­dy­gy­na, bagt­ly bol­jak­dy­gy­na we üs­tün­lik­le­re ýet­jek­di­gi­ne yna­nyp­dyr­lar. Bu däp wag­tyň geç­me­gi bi­len Ýew­ro­pa­da meş­hur bo­lup, dün­ýä­niň beý­le­ki halk­la­ry­na hem ýaý­ra­ýar.
Şem üf­le­mek dä­bi­niň has ir­ki nus­ga­sy Ga­dy­my Gre­si­ýa­dan göz­baş al­ýar. Grek­ler Aý hu­da­ýy Ar­te­mi­siň dog­lan gü­nü­ni bel­le­mek üçin tort bi­şi­rip, üs­tün­de Aýyň şe­ki­lin­de şem­le­ri ýer­leş­di­rip­dir­ler. Ar­zuw­lar edi­len­den soň bol­sa, şem­le­ri üf­läp öçü­rip­dir­ler. Grek­ler şem öçü­ri­len­de çyk­ýan tüs­sä­niň ar­zuw­la­ry ýo­ka­ry alyp gid­ýän­di­gi­ne yna­nyp­dy­lar. Şeý­le­lik­de, şem is­leg­le­ri­ňi ha­syl ed­ýän se­riş­de hök­mün­de peý­da­la­ny­lyp baş­la­nyp­dyr.
Rim im­pe­ri­ýa­sy döw­rün­de hem şem bi­len be­ze­len tort­lar meş­hur bo­lup­dyr. Im­pe­ra­to­ryň we döw­let iş­gär­le­ri­niň dog­lan gü­nü­ni bel­le­mek üçin süý­jü­lik çö­rek­le­ri bi­şi­ri­lip, üs­tün­de şem ýa­ky­lyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len bu däp ýer­li ila­tyň ara­sy­na ýaý­rap, ýur­duň esa­sy däp­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­lip­dir.
Halk­la­ryň kö­pü­sin­de di­ňe dog­lan gün­de däl, eý­sem, beý­le­ki baý­ram­çy­lyk­lar­dyr ada­ty gün­ler­de hem şem ýa­ky­lyp, işiň şow­ly bol­ma­gy üçin ar­zuw­lar edil­ýär. Köp­ler şe­mi bir dem­de üf­läp öçür­me­giň ar­zu­wy­ňa has çalt ýe­tir­ýän­di­gi­ne ynan­ýar­lar. Şem­le­riň kä­bi­ri­niň öç­män gal­ma­gy­na gy­na­nyp, üs­tün­lik ga­za­nyp bil­me­rin di­ýip tu­kat­lan­ýar­lar. Umu­man, do­glan gü­nüň­de şem üf­le­mek we süý­jü­lik tor­tu­ny kes­mek dä­bi adam­za­dyň ar­zuw-ni­ýet­le­ri hem-de gel­je­ge bo­lan ynamy bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­rän adat­la­ryň bi­ri­dir.