Ça­ga­lyk ýyl­la­ry ar­zuw­la­ryň möwç al­ýan döwri ha­sap­lan­ýar. Her bir adam özü­niň haý­sy hü­nä­ri saý­la­jak­dy­gy ba­ra­da ça­ga­lyk ýyl­la­ryn­da ar­zuw ed­ýär. Kim­ler mu­gal­lym bol­ma­gy ar­zuw ed­ýän bol­sa, kim­ler luk­man, kim­ler gur­lu­şyk­çy bol­ma­gy ha­la­ýar. Kim­ler bolsa, oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ös­dür­me­gi ar­zuw ed­ýär. Me­ge­rem, ara­ňyz­da kos­mo­nawt bol­ma­gy ar­zuw ed­ýän­le­ri­ňiz hem bar bol­sa ge­rek. Kos­mos pu­da­gyn­da zäh­met çek­mek tä­sin ýag­daý ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, wag­tyň geç­me­gi bi­len kos­mo­nawt hü­nä­ri hem ada­ty kär­le­riň bi­ri­ne öw­rü­ler. Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­ýän döw­rün­de bar­ha kä­mil­leş­di­ril­ýän kos­mos pu­da­gy köp­le­riň ar­zuw ed­ýän hü­när­le­ri­niň bi­ri­dir. Eý­sem, kos­mo­nawt bol­mak üçin haý­sy ders­le­ri go­wy bil­me­li? Kos­mo­nawt bol­mak kyn­my?

Kos­mo­nawt bol­mak köp ada­myň ar­zuw ed­ýän hü­nä­ri. Şeý­le-de bol­sa, bu ar­zu­wy ama­la aşyr­mak üçin bir­nä­çe ylym­dan go­wy baş çy­ka­ryp, fi­zi­ki taý­dan tür­gen­leş­me­li. Hat­da bir­nä­çe ýylyň do­wa­myn­da düýp­li taý­ýar­lyk gör­me­li. Hä­zir­ki wagt­da kos­mos sy­ýa­hat­la­ry ýo­la goý­lup, Ýer şa­ry­ny ýo­kar­dan syn­la­mak has aň­sat­laş­dy. Kos­mo­sa gid­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ra ýol­be­let bol­mak hem-de kos­mos gä­mi­si­ni do­lan­dyr­mak üçin bol­sa, işi­ne ez­ber kos­mo­nawt ge­rek.
Kos­mo­nawt bol­mak is­le­ýän­ler, il­ki bi­len, fi­zi­ka, ast­ro­no­mi­ýa ylym­la­ry­ny, in­že­ner­çi­lik, ma­te­ma­ti­ka we teh­no­lo­gi­ýa­ny gi­ňiş­le­ýin öw­ren­me­li. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, STEM mak­sat­na­ma­sy­ny kä­mil bil­me­li. Mun­dan baş­ga-da, fi­zi­ki taý­dan tür­gen­le­şip, çy­dam­ly­ly­gy ta­lap ed­ýän kyn şert­ler­den özü­ňi alyp çyk­ma­ly.
Adat­ça, kos­mos agent­lik­le­ri in­že­ner­çi­lik, fi­zi­ka, bio­lo­gi­ýa we ma­te­ma­ti­ka ýa­ly teh­ni­ki ugur­lar­dan hü­nä­ri hem-de de­re­je­si bo­lan da­laş­gär­le­riň ara­syn­dan kos­mo­nawt saý­la­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, kos­mos da­laş­gär­le­ri uçuş sy­nag­la­ryn­dan we çäk­li gur­şaw­da fi­zi­ki tej­ri­be sy­nag­la­ryn­dan ge­çi­ril­ýär. Kos­mo­nawt­lar adat­ça 30 ýa­şa çen­li hü­när tej­ri­be­si­ni al­ýar­lar. ABŞ-nyň kos­mos agent­li­gi bo­lan NA­SA (Mil­li awia­si­ýa we kos­mos do­lan­dy­ry­şy) 2 ýyl de­giş­li hü­när tej­ri­be­si bo­lan we uçar­da pi­lot hök­mün­de 1000 sa­gat uçan hü­när­men­le­riň ara­syn­dan kos­mo­nawt­la­ry saý­la­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da kos­mo­nawt hü­nä­ri iki ug­ra bö­lün­ýär. Ola­ryň bi­rin­ji­si kos­mos gä­mi­si­niň ser­ker­de­si ýa-da do­lan­dy­ry­jy­sy bo­lan «Uçar­man kos­mo­nawt» ug­ry bo­lup, ikin­ji­si kos­mos gä­mi­sin­de sy­nag iş­le­ri­ni ge­çir­ýän «Mis­si­ýa­nyň hü­när­me­ni kos­mo­nawt­lar» to­pa­ry­dyr. Tu­lu­za­da­ky
ISAE-SU­PAE­RO (Fran­si­ýa) uni­wer­si­te­ti­niň ga­ra­ma­gyn­da­ky «Spacef­light» ins­ti­tu­ty kos­mos hü­nä­rin­den şa­ha­dat­na­ma ber­ýän dün­ýä­dä­ki il­kin­ji kos­mo­nawt okuw prog­ram­ma­sy ha­sap­lan­ýar. Gel­jek­de dün­ýä döw­let­le­rin­de kos­mo­nawt­la­ry taý­ýar­la­ýan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bir­nä­çe­si açy­lar. Kos­mos pu­da­gy iň köp is­leg bil­di­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­ler.