Nusgawy edebiýatymyzyň meşhur wekilleriniň içinde XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen pelsepeçisi, akyldary Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat we meşhurlyk gazanan şahyrlaryň biridir. Beýik akyldar diňe kitaplara däl, eýsem, köňüllere dolan şahyrdyr. Magtymgulynyň sözleri her bir adam üçin gymmatly, çünki onuň setirlerinde milli ýörelgelerimiz, ruhubelentlik ýoly wasp edilýär. Sebäbi şahyryň her bir sözi ýüreklerde orun alýar.
Ady äleme dolan beýik söz ussadymyzyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny yzarlamak, olary ylmy derňewe çekmek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň umman paýhasynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize – bu güne çenli dilden düşmän gelýär.
Akyldar şahyryň «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär», «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr», «Ömür saly artar alkyş alanyň», «Ok urar bolsaň, ok ur nebsiň gözüne», «Kemlik eýle, kemal bar / Menlik etme, zowal bar» ýaly pähimleri bu günki gün hem halkyň kalbynda ýaşaýar. Şahyryň şygyrlarynyň çeper we täsirli bolmagy türkmen diliniň içki baýlyklaryny, onuň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanmagyndadyr.
Magtymguly Pyragy özüniň dünýewi garaýyşlarynda turuwbaşdan halka, il-güne golaý durupdyr. Şahyr özüniň goşgularynda ilki bilen halk bähbitlerinden ugur alypdyr, halkyň aladasy bilen ýaşapdyr. Akyldar şahyr durmuşyň manysynyň iliň-günüň derdine ýaramakdygyny ündeýär, ýagşy işlere ýaran bolmagy nygtaýar.
Bugdaý ýaly sünnäli setirleri bilen ýürekleriň töründen orun alan Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň berkarar döwletli bolmagyny tüýs ýüreginden arzuwlap:
– Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.
diýen setirleri döredipdir.
Hyýalynda Zeminiň myhy ýaly sarsmaz türkmen binasyny guran akyldar şahyrymyz il-halkyň derdi bilen ýaşaýan şahsyýet bolansoň, berkarar döwletli bolmak arzuwy onuň hemişelik hemrasy bolupdyr. Şahyr, il içinde aýdylyşy ýaly, «öz-özi bilen söhbet gurupdyr». Okan eserlerinden, alan terbiýesinden, gözüniň görüp, akylynyň kesdiginden Watan gymmatyny kesgitläpdir.
Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Akyldar şahyr adamlaryň hemişe ýagşylyk etmeklerini, ejizlere hossar çykmaklaryny, il-günüň alkyşyny almaklaryny isläpdir. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çünki Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi biziň üçin edep-terbiýe mekdebidir.
Her bir sözi dürden gymmatly şahyryň edebi mirasyny, onuň öwüt-ündew, edep-terbiýe bilen bagly garaýyşlaryny, pikirlerini, öwütlerini öwrenmek, ony amal etmek halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleriniň mukaddes borjudyr.
Mähri Babaýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.