Amerikaly zenan Rubi Silwius özboluşly sungat eserleri bilen tanalyp başlady. Ýaş suratkeş ulanylan çaý paketlerine surat çekýär. Ol 2015-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda “Çaýyň 363 güni” atly özboluşly sungat gündeligini tutdy. Ol ulanylan çaý paketlerini toplap, olara dürli-dürli suratlar çekip, şol gündelige ýerleşdirdi. Başgaça aýdylanda, Silwius zibillerden täzeçe sungat eserlerini, kiçijik kartinalar döretmegi başardy. Ol özüniň bu täsin işi barada: — Ulanylan çaý paketjikleri aslynda, köpleriň ünsüni çekmeýär. Ýöne olar meniň üçin kartina öwrülip bilinjek kagyzjyklardyr. Ýogsam, sungat diýlende, adaty bilinýänlerden başgasy ýok ýaly. Emma men täzeçe sungat eserlerini döredip, ynsanlara özboluşly, ruhy lezzet bermek isleýärin — diýip, gürrüň berýär.