Wideo güýmenje platformasy “Netflix”-iň bazar gymmaty ilkinji gezek 100 milliard dollardan geçdi. Internet-teleýaýlym ulgamy geçen 2017-nji ýylda girdejisini 8,8 göterim artdyryp, 98,5 milliard dollardan 107,2 milliard dollara ýetirdi. Şereket geçen ýylyň 4-nji çärýeginde abunaçylarynyň sanynyň üstüne ýene-de 8 milliondan gowrak täze müşderi goşdy. Şunlukda, “Netflix”-iň häzirki wagtda 117 million 580 müň müşderisi bar. Olaryň 55 million töweregi amerikanyň ýerli halky bolsa, galan 63 milliona golaýy-da beýleki döwletlere degişlidir.