26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady.

Bu möhüm çärä gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryndan, ylmy işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Aşgabada geldi.

Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. «Biz ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän senagat öwrülişiginiň täze tapgyrynda halkara ähmiýetli maksatnamalary, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkidýäris, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belleýär.

Çykyş edenler düýpli we amaly ylmyň ösdürilmeginiň, halkara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny öwrenmegiň, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň islendik döwletiň gülläp ösüşiniň esasyny düzýändigini, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini, senagat taýdan ösüş we oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny, geljegiň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetini emele getirýändigini nygtadylar.

Beýan edilen ylmy çykyşlar bolsa, dürli ugurlary ösdürmegiň nazary we amaly taraplaryny, Türkmenistanda we Hytaýda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň möhüm ugurlaryny, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmegiň, önümçilige ylmy çözgütleri işjeň ornaşdyrmagyň meselelerini öz içine aldy. Türkmen we hytaý alymlarynyň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmak, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde geljekki bilelikdäki ylmy işler üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, işgärleri taýýarlamak, ylmy-tehnologik innowasiýalar pudagynda gazanylan üstünlikleri baýlaşdyrmak döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Bu gün «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini dowam eder. Onuň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Olarda ylmy edaralaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

“Himiki tehnologiýalar, tebigy çig mallary gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalar”, “Nanotehnologiýalar, täze materiallary işläp taýýarlamak we öndürmek”, “Biotehnologiýalar, oba hojalygynda innowasion tehnologiýalar”, “Seýsmologiýa”, “Maglumat we telekommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary”, “Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri”, “Lukmançylykda we farmakologiýada ýokary tehnologiýalar”, “Ynsanperwer ylymlar” ýaly mowzuklar boýunça pikir alşylar. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.