5-nji duşuşyklaryň 1-nji gününde 2 topar myhmançylykda garşydaşlarynyň derwezesinden 6 gol girizdi. Pragada ýerli “Sparta” bilen duşuşan Madridiň “Atletikosy” 6-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollaryň 4-sini argentinaly oýunçylar – Hulian Alwares (15, 19) bilen oýna soň goşulyp, soňky 5 minutda tapawutlanan Anhel Korrea (85, 89) geçirdi. Beýleki gollary-da Llorente bilen Grizmann öz atlaryna ýazdyrdylar. Bu duşuşyk Antuan Grizmann Çempionlar Ligasyndaky 100-nji duşuşygy hökmünde hasaba alyndy.
Myhmançylykda 6 gol geçiren beýleki bir topar bolsa “Atalanta” kluby bolup, olar Ýang Boýzy Şweýsariýada 6-1 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldi. Duşuşykda Retegi (9, 39) bilen De Ketelareniň hersi 2 gol saldy. Kolaşinas hem-de Samaržiçiň gollary-da aratapawudyň has ýokary bolmagyna uly goşant goşdy. Belgiýaly ýaş oýunçy Şarl De Ketelare 2 goldan daşgary-da 3 goluň pasyny hem berip, duşuşygyň iň ökde oýunçysy saýlandy. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny 11-nji minutda Ganwula derwezä girizip, ol hasaby deňlän gol bolupdy.