ABŞ-nyň Jon Hopkins uniwersitetiniň arheologlary Siriýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde adamzat taryhyndaky iň gadymy elipbiýiň nusgalaryny ýüze çykardylar. Bu açyş Amerikanyň daşary ýurt barlaglary jemgyýetiniň (ASOR) ýyllyk maslahatynda görkezildi.
Alymlar Ýakyn Gündogaryň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Umm el-Marrada bürünç asyryna degişli ýüzi haşamlanyp ýazylan ýazgylar bilen örtülen toýun silindrleri tapdylar. Şeýle-de ol ýerden altyn we kümüş şaý-sepler, aşhana gap-gaçlary, naýzanyň tygy we birgiden keramiki gaplar tapyldy.
Radiouglerod seljerişleri ýazgyly silindrleriň miladydan öňki 2400-nji ýyllarda döredilendigini, ýazuwyň iň gadymy nusgalaryndan, takmynan 500 ýyl öňki döwre degişlidigini görkezdi.
– Alymlar ozal elipbiýiň Müsürde ýa-da onuň töweregindäki sebitde miladydan öňki 1900-nji ýyldan soň oýlanyp tapylandygyna ynanýardylar. Ýöne tapylan artefaktlar has gadymy bolup, başga bir sebite degişlidir. Bu ýagdaý elipbiýiň gelip çykyşynyň taryhynyň köplenç pikir edilişi ýaly däldigini görkezýär – diýip, geçirilen barlaglaryň awtory, professor Glenn Şwars belledi.
Begenç ANNABERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.