Mermer sözüni grek dilinden terjime edeniňde “ýalpyldaýan daş” diýen manyny berýär. Mermer gadymy eýýamlardan bäri arhitektura ymaratlarynyň ýüzüni örtmekde giňden ulanylypdyr. Ak mermerden dürli görnüşli heýkeller ýasalypdyr. Mermeri ilki tapan gadymy adamlar oňa täsin hazynadyr öýdüpdirler. Mesopotamiýada we Müsürde bu üýtgeşik daşyň gadyr-gymmaty has ýokary bolupdyr. Grek we rim ussalary bolsa, bu daşdan deňi-taýy bolmadyk arhitektura ýadygärliklerini gurupdyrlar, dürli heýkelleri ýasapdyrlar. Mermerden edilen önümlere berkligi, deň ölçegliligi we işläp taýýarlaýyş amatlylygy üçin ýokary baha kesilýär. Italýan heýkeltaraşy Mikelanželo Dawidiň heýkelini taraşlanda ony bitewi mermerden oýup ýasapdyr. Biziň günlerimizde mermer dünýäniň köp ýurtlarynda gazylyp alnyp, olaryň arasynda Gresiýa, Italiýa, Ispaniýa, Hindistan, Türkiýe, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Irlandiýa, ABŞ, Braziliýa, Argentina we Günorta Afrika Respublikasy has öňe saýlanýar.
Mermer owadan daş bolup, giňden ýaýran gurluşyk materiallarynyň biridir. Ol binalaryň daşyny örtmekde, köşk, heýkel gurluşyklarynda giňden ulanylýar. Mermer köplenç mineral garyndylary we organiki birleşmeleri özünde saklaýar. Garyndylar mermeriň reňklerini üýtgedip, onuň has göze gelüwli görünmegine sebäp bolýar. Mermeriň reňk utgaşmasy dürli-dürli bolup, özünde köp sanly öwüşginleri saklaýar. Adatça ak mermer iň nepisi we zynatlysy hasaplanyp, onuň örän näzik gurluşy bolýar. Mermer belli bir derejede durulyga eýe bolup, mozaika, güberçekli nagyşlary ýasamakda hem ulanylýar.
Mermeri kesmek, ýylmamak, sünnälemek arkaly işläp taýýarlaýarlar. Mermer zyýansyzlandyrýan oňat serişde bolup, onda hiç hili mikroorganizm ýaşamaýar. Mermer we ondan ýasalan önümler oňaýly bolup, ýeňil ýuwulýar, suw, ot we sowuk täsir etmeýär. Mermer önümleri uzak ömürli bolýar. Mysal üçin, mermer poluň ortaça köneliş derejesi azyndan 50 ýyla barabardyr.
Mermer gadymy döwürlerden bäri aňrybaş zynatyň we näzik islegleriň nyşanydyr. Şu günki günde köp adamlar hut şu materiala aýratyn ähmiýet berýärler. Bu material jaýyň daşynyň we içiniň bezeg işlerinde, garbanyşhanalarda, hammamlarda we beýleki ýerlerde giňden ulanylýar. Mermer çüwdürimler, güldanlar we bezeg zynatlary özüniň has haşamlylygy we göze gelüwliligi bilen görenleri haýran galdyrýar.
Taýýarlan Welnazar Hudaýnazarow,
Türkmen döwlet maliýe
institutynyň talyby.